Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda demir ýol pudagyna degişli möhüm resminamalara gol çekildi

11:5828.02.2025
0
12542
Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda demir ýol pudagyna degişli möhüm resminamalara gol çekildi
Surat: Newscentralasia

Owganystanyň demir ýol transporty boýunça jemgyýetçilik işleri ministriniň orunbasary Mohammad Ishak Sahibzadeniň ýolbaşçylygyndaky tehniki wekiliýet demir ýol pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistanda saparda boldy. Bu saparyň dowamynda Türkmenistanyň «Demirýollary» agentligi bilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi.

Gol çekilen resminamalaryň çäklerinde taraplar üç esasy ugurda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar:

– Turgundy demir ýol menzilini giňeltmek;

– Akina — Andhoý demir ýolunyň 10 kilometrlik böleginiň gurluşygyny tamamlamak;

– Andhoý — Şibirgan aralygynda 55 kilometrlik demir ýoluň gurluşygy üçin tehniki-ykdysady esasnamany taýýarlamak.

«Ariananews» owgan habarlar portalynyň maglumatlaryna görä, degişli resminamalara gol çekileninden soň, bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin anyk şertnamalaryň baglaşylmagyna garaşylýar. Bu bolsa ýakyn wagtda amaly işleriň başlanmagyna mümkinçilik döreder.

Geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenistan Owganystanyň demir ýol infrastrukturasyna, şol sanda Turgundy demir ýol menziliniň giňeldilmegi we Turgundy — Hyrat demir ýolunyň ilkinji böleginiň gurluşygy bilen bagly taslamalara maýa goýmaga taýýardygyny mälim edipdi.

Bu maýa goýumlaryň demir ýol ulgamlarynyň ulanylmagyndan gelýän girdejiler bilen öweziniň dolunmagyna garaşylýardy.

Ýokarda agzalan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi geçen ýylyň sentýabr aýynda başlandy. Şonda Turgundy demir ýol menziliniň gury ýük portynyň çäginde ammarlaryň toplumynyň hem-de ýük düşürip-ýükleýji meýdançanyň gurluşygy, şeýle-de Turgundy — Hyrat demir ýolunyň ilkinji şahasy bolan Turgundy — Sanabar ugrunyň (22 km) gurluşygy başlanypdy.

Owganystanyň demir ýol edarasy («Afghanistan Railway Authority») tarapyndan berlen maglumata görä, owgan tarapy günbatara tarap uzaýan demir ýol ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu taslama Mazar-i-Şerifden Şibirgan we Andhoý arkaly Akina çenli demir ýoluny gurmagy göz öňünde tutýar. Bu bolsa ony Türkmenistanyň demir ýol ulgamy bilen birleşdirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň