Türkiýäniň energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar «Hürriýet» türk gazeti bilen geçiren söhbetdeşliginde ýurduň Türkmenistandan amala aşyrjak gaz importy barada durup geçdi. Bu barada newscentralasia.net saýty habar berdi.
Ministr A.Baýraktar Türkmenistandan gaz importy barada gürrüň açyp, 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, türkmen gazynyň Eýranyň çägi arkaly Türkiýä iberilip başlajakdygyny aýtdy. Ilkinji tapgyrda iberiljek gazyň mukdary ýylda 1,3 milliard kub metre deň bolar. Ministriň aýtmagyna görä, bu möçber 1,5 million hojalygy tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin ýeterlikdir.
A.Baýraktar Türkiýäniň Türkmenistandan gaz alyş-çalyş (swop) ylalaşygynyň möhletini uzaltmak boýunça iş alyp barýandygyny we ahyrky maksat hökmünde türkmen gazyny Hazar deňziniň üsti bilen turbageçiriji arkaly import etmek isleýändigini belledi.
Ministr A.Baýraktar gaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy barada durup geçip, Türkiýäniň daşary ýurtlardaky nebit-gaz taslamalaryna has işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy. Ol bu ugurda Liwiýa, Azerbaýjan, Türkmenistan we Somali bilen hyzmatdaşlygyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.