Şu ýylyň başyndan bäri Özbegistanda hereket edýän türkmen maýasynyň gatnaşmagynda döredilen bilelikdäki kärhanalaryň sany 4 göterim artdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.
Agentligiň metbugat gullugy tarapyndan çap edilen beýanatda häzirki wagtda Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda döredilen bilelikdäki kärhanalaryň 203 sanysynyň hereket edýändigi bellenilýär. Deňeşdirmek üçin bu görkeziji şu ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä 195-e deňdi.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal ýanwar aýynda Türkmenistanyň Özbegistana eksportyny 2 esseden gowrak artdyrandygyny habar beripdik.