Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ankarada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

22:3225.02.2025
0
13583
Ankarada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi
Surat: milliyet.com.tr

Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler türkmen wekiliýeti Türkiýede saparda bolýar. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, dürli ugurlarda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagyna maslahatlardyr iş duşuşyklary geçirilýär. Şu gün Ankarada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň VIII mejlisini geçirildi.

Türkiýe Türkmenistan bilen özara söwda dolanyşygynyň möçberini 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi, özara maýa goýumlaryny artdyrmagy we işewür toparlaryň duşuşyklaryny has ýygy geçirmegi maksat edinýär diýip, Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz belledi diýip, «Anadolu Ajansi» ýazýar.

«Türkiýe bilen Türkmenistanyň doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk hem berkitmek we ykdysady hyzmatdaşlygymyzy çuňlaşdyrmak maksady bilen, biz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen bilelikde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň VIII mejlisini geçirdik. Ikiçäk we wekiliýetara derejede türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň ýollary barada pikir alyşdyk» diýip, J.Ýylmaz belledi.

Bellenilişi ýaly, şu gün gol çekilen we 87 maddany öz içine alýan Teswirnamanyň çäklerinde söwda, maýa goýumlary, energetika, ulag, ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly köp anyk ädimler göz öňünde tutulýar. Hususan-da, türkmen gazynyň Türkiýä iberilmegi we Orta geçelgäniň ösdürilmegi boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurt üçin hem uly strategik bähbitleri getirjekdigi bellenildi.

Mundan başga-da, gurluşyk, senagat, oba hojalygy, saglyk we syýahatçylyk ýaly ugurlarda bilelikdäki tagallalaryň çuňlaşdyrylmagy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezilýär.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Türkiýäniň Prezident toplumynda geçirilen Hökümetara toparynyň mejlisiniň netijeleri boýunça metbugat maslahatyny geçirdiler. Onuň dowamynda wise-prezident J.Ýylmaz dil, din, medeniýet we taryh ýaly umumylyklara esaslanýan Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklarynyň ýokary derejeli özara saparlaryň netijesinde gün-günden güýçlenýändigini aýratyn belledi.

Metbugat brifinginiň dowamynda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew iki ýurduň Liderleriniň özara başlangyçlary bilen gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň täze derejelere göterilendigini, şu günki geçirilen mejlisiň dowamynda bolsa, ýangyç-energetika, ulag-logistika, şähergurluşyk, suw baýlyklary we sport ýaly dürli ugurlarda iş alyp barmak üçin netijeli gepleşikleriň geçirilendigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň