Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 2025-nji ýylky möwsümi 4-nji martda başlanar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Täze möwsümde TÝL-de 8 topar çykyş eder. Has takygy, Aşgabatdan üç topar — «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag», Balkanabatdan «Nebitçi», Türkmenbaşydan «Şagadam», Mary welaýatyndan «Merw», Ahal welaýatyndan «Ahal» hem-de Arkadag şäherinden adybir «Arkadag» toparlary ýaryşyň altyn medaly üçin özara güýç synanyşarlar.
Futbol boýunça Türkmenistanyň 33-nji çempionaty «Ahal» — «Nebitçi» oýny bilen badalga alar. 5-nji martda bolsa ýene iki oýun — «Altyn asyr» — «Aşgabat» we «Merw» — «Şagadam» duşuşyklary geçiriler.
«Köpetdag» we «Arkadag» toparlarynyň arasyndaky oýun bolsa soňa süýşürildi.
Ýeri gelende ýatlatsak, 2024-nji ýylda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty 4 aýlawdan ybarat görnüşde geçirildi. Onda bassyr ikinji gezek «Arkadag» topary altyn medala eýe çykdy. Çempionatyň kümüş medaly «Ahala», üçünji ýer bolsa «Altyn asyra» nesip etdi.
Çempionatyň geçen möwsüminde «iň gowy oýunçy» diýlip «Ahalyň» hüjümçisi Elman Tagaýew ykrar edildi. Iň netijeli hüjümçileriň ýaryşynda bolsa birinji orny 31 gol geçiren «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew eýeledi.