Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda 30 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

10:2924.02.2025
0
10391
Birža söwdalarynda 30 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Surat: Türkmen Altyn

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada Türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we uçar kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gazagystanyň telekeçileri portlandsementi, buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 357 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 53 million 817 müň manatdan gowrak bolan gurluşyk senagaty önümlerini, polipropileni, binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), nah matany we nah galyndylary satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň