Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkmen Expo» türkmen kompaniýalaryny Russiýada geçiriljek halkara sergilere çagyrýar

13:4819.02.2025
0
17249

«Turkmen Expo» kompaniýasy türkmen kompaniýalaryny 2025-nji ýylda Russiýada geçiriljek birnäçe halkara sergilere gatnaşmaga çagyrýar. Munuň özi türkmen önüm öndürijileri we telekeçileri üçin öz önümlerini halkara giňişlikde tanyşdyrmaga, potensial hyzmatdaşlar we maýadarlar bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, şeýle hem bazaryň täze mümkinçiliklerini öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

«Turkmen Expo» sergä gatnaşyjylara wiza resmileşdirmek, awiapetekleri bronlamak, terjime hyzmatlaryny ýetirmek hem-de Moskwada ýerli ulag, stendleri gurnamak we myhmanhanalarda ýerleşdirmek ýaly logistika we beýleki zerur hyzmatlar bilen üpjün etmek babatda hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

«Kids Russia 2025» çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen harytlar pudagyndaky iň giň gerimli ýazky pudaklaýyn gözden geçirilişdir. Sergi 2025-nji ýylyň 18-nji martyndan 20-nji martyna çenli Moskwa şäherindäki «Krokus Ekspo» halkara sergi merkezinde geçiriler.

«Kids Russia» — bu möwsümleýin şertnamalary baglaşmak we güýz möwsüminde üstünlikli satuwlary ýola goýmaga taýýarlanmak üçin iň laýyk meýdançadyr. Bu ýerde oýunjaklardan we çagalar eşiklerinden başlap, täze doglan çagalar üçin niýetlenen önümlere, okuw esbaplaryna we döredijilik önümlerine çenli çagalardyr ýetginjekler üçin dürli harytlar we hyzmatlar hödürlenýär.

Bu sergä 5 müňden 10 müňe çenli adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olaryň 80%-i sergide söwda etmegi meýilleşdirip barýan adamlardyr. «Kids Russia» sergisi «FOOD EXPO» (azyk önümleriniň sergisi) we «HOUSE HOLD» (öý-hojalyk harytlarynyň sergisi) pudaklaýyn sergileri bilen bir wagtda geçirilip, bu söwda etmek maksady bilen gelýänleriň we alyjylaryň sanyny ep-esli ýokarlandyrýar.

MITT — syýahatçylyk we myhmansöýerlik pudagynyň halkara sergisi bolup, eýýäm Moskwada 30 ýyldan gowrak wagt bäri geçirilip gelinýär.

MITT — bu syýahatçylyk we myhmansöýerlik pudagynda işewürlik meselelerini çözmek üçin professional meýdança bolup, onda her ýylda Russiýanyň we dünýä ýurtlarynyň syýahatçylyk pudagynyň hünärmenleriniň iň uly b2b jemgyýetçiligi bir ýere jemlenýär.

MITT sergisine gatnaşmak bolsa türkmen syýahatçylyk kompaniýalary we myhmansöýerlik pudagynyň wekilleri üçin potensial hyzmatdaşlar bilen aragatnaşygy ýola goýmak, hyzmatlaryny hödürlemek we Türkmenistana syýahatçylary çekmek babatda örän ýerlikli mümkinçilikdir.

Bir kompaniýa üçin MITT sergisine gatnaşmagyň bahasy saýlanyp alynjak stendiň görnüşine we goşmaça hyzmatlara görä üýtgäp biler.

Öňünden taýýarlanan stendi guramak we çäreleriň tanyşdyrylyşy

Sergilere gatnaşmaga isleg bildirýän türkmen kompaniýalary üçin özbaşdak çykdajylary azaltmak üçin taýýarlanan stendi guramak mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr.

Potensial gatnaşyjylar üçin 26-njy fewralda sagat 14:00-dan 15:00-a çenli «Arçabil» myhmanhanasynda sergileriň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler.

Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar goşmaça maglumatlary almak we hasaba alynmak üçin (+993 63) 50 15 51 ýa-da (+993 71) 87 18 13 telefon belgileri arkaly habarlaşyp, ýa bolmasa-da contact@turkmenexpo.com elektron poçta salgysyna ýüz tutup bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň