Hindistan Bolliwud bilen Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Hindistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Aşgabatda geçirilýän Hindi filmleriniň festiwalynyň açylyş dabarasynda aýtdy.
Diplomat: «Merkezi Aziýada bolşy ýaly, hindi filmleri Türkmenistanda hem meşhur. Elbetde, geljekde Bolliwud bilen türkmen kino pudagynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga umyt baglaýarys. Bolliwudyň bu ajaýyp ýurda — Türkmenistana geljekdigine, filmleri surata düşürjekdigine umyt edýäris we munuň üçin tagalla ederis» diýdi.
Hindi filmleriniň festiwaly 24-nji ýanwardan 26-njy ýanwar aralygynda Aşgabatda geçirilýär. Hindi filmleri «Aşgabat» kinoteatrynda görkezilýär. Bu ýerde hindi kinosynyň taryhy barada gürrüň berýän sergi hem guraldy. Çäräni
Hindistanyň ilçihanasy Aşgabat şäher häkimliginiň goldawy bilen gurady.