Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň fewral aýynda ýurtda geçiriljek esasy çäreleriň tertibi barada hasabat berdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli indiki aýda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de gazet-žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan dürli döredijilik bäsleşikleriniň yglan edilmegi meýilleşdirilýär.
Ýokary hem-de hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle hem umumy orta bilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda "Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy" atly uniwersiadanyň we spartakiadanyň sport ýaryşlaryny geçirmek hem göz öňünde tutulýar.
Fewral aýynyň esasy çäreleriniň hatarynda "Täze taryhy döwrüň dünýä nusgalyk ösüşleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş ýörelgesi" atly dabaraly maslahat, "Sungat – parahatçylygyň dili" atly şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, "Milli ýörelgelerimiz nesil terbiýesinde" hem-de "Türkmen Bitaraplygy – halkara parahatçylygyň we durnukly ösüşiň kepili" aty maslahatlar, "Parahatlyk – geljege mukaddes miras" atly dabaraly çäre-de bar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, fewral aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de meýilleşdirilýän ähli çäreleri ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.