Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Çigildem» interýere ajaýyp bezeg berýän mebelleri öndürýär

15:2630.07.2024
0
1384

Türkmenistanda mebel önümçiligini döwrebap derejede kämilleşdirýän «Çigildem» mebel kärhanasy öýleridir edara jaýlaryny hili ýokary bolan mebeller bilen üpjün etmek üçin dürli görnüşli mebel önümlerini alyjylara ýetirýär. Dünýä standartyna laýyklykda öndürilýän täze önümleriň hatarynda aşhana, myhman otagy, ýatylýan otag üçin, şeýle-de girelgede goýulýan mebeller bar.

2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen kärhana geçen 8 ýyldan gowrak döwrüň içinde mebel önümçiliginiň iň netijeli tejribelerini özleşdirdi. Muňa bolsa kärhanada Germaniýanyň, Italiýanyň, Türkiýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden getirilen kämil tehnologik enjamlaryň ulanylmagy giň mümkinçilik berýär. Şunuň bilen birlikde hem, çig mal hökmünde ýokary hilli materiallar, aksessuarlar hem-de furnitura peýdalanylýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda türkmen bazarynda mebelleriň Ýewropada öndürilýän döwrebap stildäki görnüşlerine isleg günsaýyn artýar. Bu bolsa, öz gezeginde, öýüň ýa-da ofisiň interýer çözgütleri bilen aýrylmaz baglanyşykly ýagdaýdyr. Hut şu ýagdaýy göz öňünde tutmak bilenem, “Çigildemiň” hünärmenleri dünýä tejribesini yzygderli öwrenip, ony mebel öndürmekde işjeň amal edýärler.

“Biz häzirki zaman interýer dizaýnynyň hem her ädimini, tendensiýasyny yzarlaýarys, onda mebelleriň tutýan ornuna uly ähmiýet berýäris. Şonuň üçinem, öý bezegine laýyk mebeli saýlaşmakda edýän tekliplerimizi müşderiler ikelläp goldaýarlar» diýip, kärhananyň hünärmeni Eziz Haýtyýew gürrüň berýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhana mebel önümleriniň islendik görnüşini müşderileriň isleglerine görä hem kabul edýär. Sebäbi önümlerini daşary ýurtlara eksport etmäge ukyply kärhananyň önümlerine daşary ýurtlaryň ýaşaýjylary hem ýokary baha berýärler.

Kärhanadan mebel önümlerini sargyt etmek ýa-da islege görä mebel ýasatmak üçin şu salgylara ýüz tutmak bolýar.

Habarlaşmak üçin:

  • +99361038830

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň