Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şäheriň daşyndaky emlägiň nähili artykmaçlyklary bar?

0
26712

Öýleri proýektirlemekdäki häzirki zaman çemeleşmeler, şäherden daşary durmuşy söýüjileriň arasynda uly islegi gün saýyn artýar. Elbetde, şäheriň daşyndaky öýüň gurluşygynyň özi örän köp zähmeti talap edýän prosesdir, bu proses diňe bir predmetiň özi barada teoretiki bilimiň bolmagyny talap etmän, eýsem baý praktiki tejribäni hem talap edýär. Häzirki wagtda stiliň we beýleki kemçilikleriň sany özbaşdak düşünmek kynlaşýan derejede köpelýär we köp dürliligi artýar. Şeýle ýagdaýda hünärmenleriň kömeginden peýdalanmak ýerlikli bolýar. 

“Güneşli zaman” hususy kärhanasy öýleriň gurluşygyny şahsy sargamalar boýunça amala aşyrýar. Hünärmenler öýüň dizaýninde we proýektinde her bir müşderiniň islegini göz öňünde tutýarlar. Hususy öý gurluşygynyň häzirki zaman gurluşygy, hususan-da, stilistikasy ýeterlikli derejede giň we köpdürlidir. Ol öz içine şulary alýar: minimalizm, Ýewropa funksionalizmi, funksional modernizm, hi-tech we ş.m. Ýöne bu agzalan stilleriň ählisi umumy aýratynlyklary bilen bagly – häzirki zaman stilli öýe eýe bolmak isleýän adamlar üçin öýleriň özüne çekiji proýekti hasaplanylýar.   

Kärhananyň hünärmenleri gurluşykdaky häzirki zaman ösüş tendensiýasyndan mydama habarly we işläp düzülen proýektleriň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar. Mundan başga-da, olar gurluşygyň ähli iş prosesine gözegçiligi amala aşyrýarlar. Kärhananyň hünärmenleri müşderi üçin zerur bolan şu aşakdaky ölçegler boýunça laýyk proýekti saýlamaga kömek ederler:

  • Ýaşaýyş jaýynyň meýdany;
  • Materiallaryň köpdürliligi;
  • Goşmaça ýanaşyk gurluşyklar.

Şäherden daşyndaky öýleriň gurluşygynyň aýratynlyklary şu aşakdakylar hasaplanylýar:

  • Maýa goýumlary ödeýän netijeler

Şäherden daşky şahsy öýüň gurluşygy kesgitli güýji we goýumlary talap edýär. Ýöne şäher jaýlaryna seredende örän düşewüntli hasaplanýar. Şäherden daşarda emlägi gurup, bitewi ýaşaýyş jaýyndan başga-da adam ýer mellege hem eýe bolýar. Şäherden daşardaky jaýlaryň amatlygy we gelşigi şäher jaýlarynyňkydan has öňe geçýär. 

  • Ekologikligi

Şäherden daşardaky öýleriň gurluşygynyň ýene bir wajyp aýratynlyklarynyň biri – bu ekologiki we tebigy materiallary peýdalanmak mümkinçiligidir. Şeýle-de senagat zolaklaryň we ulaglar köplüginiň ýoklugy, arassa howany we ümsümligi berýär. Bu şertleriň bary doly derejede dynç almaga we güýç toplamaga ýardam edýär. 

  • Ýaşaýyş emläginiň ygtybarlygy

Şäheriň daşyndaky öýüň gurluşygy bilen meşgullanyp, “Güneşli Zaman” hususy kärhanasynyň hünärmenleri işlerini ak ýürekden etmeklige çalyşýarlar we peýdalanylýan materiallaryň hiline we ussalaryň hakyky hünärmenligine kepil geçýär.  Öý eýesine öýüniň howpsuzlygy barada  alada etmek zerurlygy ýok. 

  • Bütin maşgala bolup gowy dynç almak mümkinçiligi

Şäherden daşarda mellegiň ýanyndaky şahsy ýeriň bolmagy bu öýleriň artykmaçlygyny ýene duýmaga kömek edýär we dynç alyş zolagyňyzy telär, çaý içilýän oturgyçlar, bag hiňňildikleri we ş.m. bilen gurnamak mümkinçiligini döredýär. Amatlyklary bar bolan we giň eýwan maşgala öýlänlikleri üçin örän oňaýly ýer bolup durýar. Häzirki zaman şäher jaýlarynyň hiç biri, hususy ýaşaýyş jaýynyň maşgala bolup dynç almak üçin döredilen şertleri bilen deň bolup bilmez.

  • Öýüň dizaýn proýektirlemesinde çäklendirmeleriň ýoklugy.

Häzirki zaman bazary köpdürli görnüşleriň köplügini hödürleýär, hut şu sebäpli-de “Güneşli Zaman” hususy kärhanasynyň hünärmenleri müşderilerine şäherden daşarky öýüň proýektini hödürleýärler, ol proýekti öý eýesiniň ähli isleglerini göz öňünde tutup, şahsy meýilleşdirmek mümkindir. Kärhananyň hünärmenleri ýaşaýyş giňişligini zolaklaşdyrmak, şeýle-de onuň interýer dizaýny, eksterýeri, mellegiň ýanyndaky enjamlaşdyrylyşy we ş.m. meselelere degişlilikde   öý eýesiniň öz çözgütlerini we hyýalyndaky zatlary, durmuşda amal edip bererler. 

Şeýlelik bilen, hususy öýi gurmaklykda birnäçe artykmaçlyklaryň bardygyny anykladyk: häzirki zaman tehnologiýalaryň kömegi bilen durmuş üçin zerur bolan ähli tehnikalar bilen üpjün etmek mümkindir. 

Kärhananyň işleri barada has giňişleýin maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar