Gozgalmaýan emläk gullugy – bu satyjy bilen satyn alyjy arasynda araçylyk edýän gozgalmaýan emläk bazaryndaky ýöriteleşdirilen täjirçilik guramasydyr.
Iru-giç her kim gozgalmaýan emläk meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şeýle ýagdaýda özüňize ýa-da hünärmenlere bil baglamaly bolýar. Şeýle-de bolsa, wagtyňy we puluňy ynanyp bolýan gozganmaýan emläk gullugyny nähili saýlamaly?
Şeýlelik bilen, ýurdumyzda hereket edýän “Güneşli Zaman” gozganmaýan emläk gullugy, 8 ýyldan bäri 550 töweregi aç-açan amallary aşyrmak bilen şeýle-de gozganmaýan emlägi satyn almak we satmak meseleleriniň syryny başarnykly çözmegi amala aşyryp gelýär.
“Güneşli Zaman” gozganmaýan emläk gullugy hilegär riolterleriň hilelerine düşmezlik hem-de ygtybarly gozgalmaýan emläk gullugyny saýlamak bilen baglanyşykly birnäçe maslahatlary paýlaşýar.
Şeýlelik-de hilegär riolterleri saýgarmak üçin kömek etjek 4 sany ýol bar:
1. Puluň öňünden tölenmegi. Esasy ýatdan çykarmaly däl dügünleriň biri öý eýesi ýa-da kärendeçi öňünden pul tölemeli däl. Hyzmatlar üçin tölegler öňünden däl-de gullugyň müşderiniň öňündäki borçlary doly ýerine ýetireninden soň tölenýär.
2. Şertnama girmeýän gatnaşyklar ýa-da nädogry şertnamalar. Gatnaşyklar şertnama bilen baglanyşylmadyk bolsa ýa-da baglanyşylan şertnamada müşderiniň hukuklary we borçlary görkezilmedik bolsa olaryň kanuny täsiri ýokdur.
3. Synag teklipleri. Kärendeçiler we öý eýeleri özbaşdak emläk gözlänlerinde “çeňňek” bildirişleri bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu bildirişlerde özüne çekiji görülip eşidilmedik arzan bahalar görkezilýär ýa-da düýbünden ideal kärendeçiler hödürlenýär. Teklibiň özüne çekijiligi we arzanlygy diňe aldawdyr. Bu bildirişler adatça birmeňzeş bolup, özüne ünsi çekmek isleýän hususy kärendeçiler ýa-da kiçi kompaniýalar tarapyndan düzülýär. Ondan görkezilýän kärende nyrhlary, köplenç, bazar bahasyndan 60-7-% pes bolýar. Şonuň üçin pes bahalara özüňi aldyrmaly däl.
Hilegär riolterleriň hilelerine aldanmazlyk üçin resminamalary oňat öwrenmeli.
4. Nädogry resminamalar. Gozgalmaýan emläk gullugynyň habar bermegine görä, öýi kärendesine almak ýa-da bermek kararyna gelen raýatyň ýüzbe-ýüz bolup biläýjek meselesi zerur bolan resminamalary başarnykly öwrenip bilmezlik bolup durýar. Şertnama baglaşylanda, emlägiň eýesi emläk üçin pasport we asyl nusgaly resminamalary görkezmeli.
Şeýlelikde jemläp aýdanymyzda gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdi gaty çylşyrymly proses bolup durýar. Gozgalmaýan emläk hünärmenleri bu soraglara çalt we başarnykly çözmäge kömek edýärler. Hünärmenlere ynanmak bilen, özüňizi kanuny taýdan gaplyklardan gorap şeýle-de wagtyňyzy tygşytlap bilersiňiz. Diňe siziň saýlan gullugyňyz siziň maliýe ýagdaýyňyzy we saglygyňyzy gorar.