Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň saýaly köçeleriniň birinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň okuw binasy ýerleşýär. Onuň girelgesiniň iki gapdalynda “Türkmen ýaşulysy” we “Türkmen zenany” atly heýkeller oturdylypdyr. Bu ýokary çeperçilikli heýkelleriň awtory tanymal heýkeltaraş Ýelizaweta Rodionowna Tripolskaýa (1881 – 1958).
Surat: Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň okuw binasy
Ýelizaweta Rodionowna bu eserleri 1927-nji ýylda açylan Türkmen medeniýetiniň instituty (Türkmekult) üçin döredipdir. Heýkeller institutyň girelgesiniň öňünde ýerleşdirilýär. Bu institutyň esasy maksady türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini we etnografiýasyny öwrenmekden ybaratdy.
Surat: Türkmen medeniýetiniň instituty. 1927-nji ýyl. Surat:pastvu.com
Bu heýkeller 50-nji ýyllaryň başlaryndan 1998-nji ýyla çenli Türkmen döwlet şekillendiriş sungaty müzeýiniň öňünde oturdylypdyr. 1998-nji ýyldan tä 2006-njy ýyla çenli olar Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşmesiniň howlusynda durýar. 2006-njy ýyldan başlap bu ajaýyp heýkeller Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň okuw binasynyň girelgesini bezäp otyr. Bu heýkellere 1948-ji ýylda Aşgabat şäherinde bolan pajygaly ýer titremede hiç-hili zeper ýetmändir.
Tripolskaýa heýkelleriň milli egin-eşiklerini uly ussatlyk bilen görkezmegi başarypdyr. Türkmen milli erkek gyrmyzy dony tebigy yüplükden dokalan matalardan tikilipdir. Köplenç dony guşak bilen guşapdyrlar. Donuň içinden nah matadan tikilen ak reňkli “ez ýaka” köýnegini geýipdirler. Ak reňk günüň şöhlesini yza serpikdirýär diýip hasaplanýar. Köýnegiň ýakasy nagyş bilen bezelip, alaja ýa-da ilik bilen birikdirilipdir. Balak esasan giň tikilip, gara matadan bolupdyr. Türkmenleriň egin-eşigi howa şertlerine laýyk gelipdir. Şeýle egin-eşik adamy yssy howanyň täsirinden gorapdyr. “Türkmen ýaşulysy” heýkelinde aýratyn bir çeperçilik bilen suratlandyrylan buýralanyp duran silkme telpegi goýun derisinden tikilipdir. Telpek tomus paslynda kelläni tomus jöwzasyndan, gyş paslynda bolsa sowukdan gorapdyr.
Türkmen zenanynyň milli köýnegi ýanly bolupdyr. Bu köýnegiň görnüşi öz gözbaşysyny gadymdan alyp gaýdýar. Ýanly köýnek biziň tebigy şertlerimiz göz öňüne tutulyp tikilipdir. Ol özüniň owadanlygy, salyhatlylygy we sypaýylygy bilen tapawutlanypdyr. Heýkeltaraş Tripolskaýa “Türkmen zenany” heýkeliniň köýneginde milli şaý-seplerimizi hem aýdyň görkezipdir. Heýkelde zenanyň ýakasynda “ildirgiç” diýip atlandyrylýan kümüş şaý-sep bar. Bu görnüşli şaý-sep iki bölekden ybarat bolup, köýnegiň ýakasynyň iki tarapyna tikilipdir we bir bitewi görnüşi emele getiripdir. Onuň bir böleginde ildirgiç, beýleki boleginde bolsa halka bolupdyr. Bu ýerde Tripolskaýa gadymy aýal şaý-sepleriniň bir görnüşini ulanypdyr. “Türkmen zenany” heýkeliniň kellesinde börük bar. Börük syky örülen gamyşdan ýa-da gat-gat tikilen matadan bolupdyr. Heýkelde börügiň ýüzünde ýene bir şaý-seplerimiziň biri bolan “ýaşmakujyny” hem görmek bolýar. Bu şaý-sep ýaşmagyň ujyna dakylyp, ýaşmagyň mäkäm durmagyna ýardam edipdir. Börügiň üstünden gyňaç daňylypdyr we arka atylypdyr. Heýkelde biz zenanyň maňlaýyna düşüp duran “öýdüme” gyňajynyň seçeklerini görüp bilýäris. Türkmen zenan milli egin-eşikleriniň ýene bir görnüşi bolan çyrpyny aýdyp geçsek ýerlikli bolar. Çyrpy dona meňzeş bolup, ýeňleri arkada birleşdirilipdir. Kellä atylanda onuň ýeňi kellä gabat getirilipdir. Çyrpylar el nagşy bilen bezelipdir. Çyrpy we börük diňe bezeg bermek bilen çäklenmän, eýsem kelläni we ýüzi günüň ýiti şöhlesinden hem gorandyklaryny çak edip bolar.
Tripolskaýanyň döreden “Türkmen ýaşulysy” we “Türkmen zenany” atly bu eserleri diňe bir çeper heýkeller däl-de, eýsem geçen asyryň 20-nji ýyllarynda gündeki durmuşda geýlen türkmen milli lybaslarynyň, egin-eşik bezegleriniň nusgasy hökmünde hem ähmiýetli bir eser diýsek ýalňyşmasak gerek.
Surat: “Türkmen ýaşulysy” we “Türkmen zenany” heýkelleriniň farfordan ýasalan görnüşi. Boýy 14,5 sm. Surat:sov-art.ru; sovcom.ru
1933-nji ýylda Moskwa oblastynyň Werbilki şäherçesinde ýerleşen Dmitrow farfor zawodynda “Türkmen ýaşulysy” we “Türkmen zenany” farfor heýkeljikleri çykarylýar. Tripolskaýa 1928-1933-nji ýyllar aralygynda bu zawodda işläpdir. Belki, bu farfordan ýasalan heýkeljikler Tripolskaýanyň özi tarapyndan ýa-da onuň eskizleri boýunça renklenendir.
Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwinde Tripolskaýanyň 1928-nji ýylda ýazan ýazgylary saklanyp galypdyr. Bu ýazgylarda Tripolskaýa türkmen zenanlarynyň hem elde, hem tikin maşynynda nagyş çekip bilmek ussatlygy barada ýazypdyr. Esasanam, Ýelizaweta Rodionowna türkmen zenanlarynyň eýýam şol döwürlerde tikin maşynyny diňe egin-eşik tikmek üçin däl-de, türkmen milli nagyşlarymyzy tikmek üçin hem ulanandyklary barada ýazypdyr. Aýratynam türkmen zenanlarynyň el keşde bilen maşyn nagşyny utgaşdyryp bilmeklerini we bu keşde we maşyn nagyşlarynyň inçe sazlaşygyny diýseň haýran galmaklyk bilen belläpdir. Bu ýazgylar Ýelizaweta Rodionownanyň türkmen halkymyzyň etnografiýasy we amaly-haşam sungaty bilen içgin gyzyklanandygyny görkezýär. Farfor heýkeljiklerde türkmen zenanynyň egninde keteni köýnegiň bardygyny görýäris. Şeýle matanyň gyrasynda özboluşly sary çyzyklar geçýär. “Türkmen ýaşulysy” farfor heýkeljiginde gyrmyzy donuň, “Türkmen zenany” farfor heýkeljiginde bolsa köýnegiň, ýeňleriň we çyrpynyň seýrek nagyş bilen bezelendigini görýäris. Zenanyň börügünde açyk mawy reňkli şaý-sep bar. Belki, bu pöwrize gaşydyr, sebäbi öň kümüş şaý-seplerimizde pöwrize gaşy hem köp ulanylypdyr. “Türkmen ýaşulysy” farfor heýkeljiginde Tripolskaýa milli nagyşly türkmen jorabyny hem görkezip bilipdir.
“Türkmen ýaşulysy” we “Türkmen zenany” heýkelleriniň ýerine ýetirilişi Ýelizaweta Rodionowna Tripolskaýanyň aýratyn tebigy zehinini we ýokary usaatlygyny görkezýär.
1929-njy ýylda Tripolskaýa Werbilki şäherindäki farfor zawodynda işlän döwründe türkmen temasynda özüniň meşhur küştüni döredýär. Esasy küşt figuralary milli egin-eşikli türkmeniň we türkmen zenanynyň keşbinde görkezilipdir. Bu küştüň beýlekilerem geçen asyryň 20-nji ýyllarynda türkmenleriň gündelik durmuşynyň aýratynlyklaryny görkezýär.
Surat: Ý.R.Tripolskaýanyň 1929-njy ýylda döreden farfor küşti. Surat: antiqueland.ru
Tripolskaýanyň döreden işleri onuň türkmen el işleriniň we kümüş şaý-sepleriniň görnüşleriniň dürli-dürlüligine haýran galandyny görkezýär. Sebäbi onuň işlerinde türkmen milli şaý-sepleriniň we egin-eşikleriň aýratynlyklary şeýle bir aýdyň we jikme-jik berilipdir.
Meselem, «Şazada» küştünde şazadanyň egninde içmek bar. Bu goýun derisinden tikilen gyşky erkek egin-eşigidir.
Bularyň hemmesi Tripolskaýanyň belli bir wagt biziň ýurdymyzda ýaşandygyny görkezýär. Belki ol W.I.Leniniň heýkelini döreden döwri Aşgabatda ýaşandyr. W.I.Leniniň ýadygärliginiň awtorlary: heýkeltaraş Ý.R.Tripolskaýa, binägär A.A.Karelin, keramikaçy N.I.Nazarow. 1924-nji ýylda bu ýadygärligiň düýbi tutulýar, üç ýyldan soň bolsa, ýagny 1927-nji ýylda açylýar. Aşgabat şäherindäki Lenin ýadygärligi heýkelli ýadygärlikleriň owadanlarynyň biridir. Sebäbi diňe heýkele däl-de, eýsem postamente, ýagny ýadigärligiň esasyna hem üns berilipdir. Postamentiň bezeginde maýolika ulanylypdyr. Maýolika sungaty – bu reňkli syrça bilen örtülen keramiki önümleridir. Ýadygärligiň bezeg işleri üçin gerek bolan maýolika plitalaryny öndürmek üçin şol wagt aýna kombinatynyň howlusynda ýörite bäş sany peç salynypdyr. Bezeg hökmünde ulanylan maýolika örän gadymy sungatdyr. Bu ýadygärlikdäki türkmen halylarynyň ajaýyp gölleriniň we milli nagyşlarynyň suratlandyrylşy özboluşly reňkleri, reňk sazlaşygy we ýokary çeperçiligi bilen tapawutlanýandyr.
Surat: Yandex.tm
Tripolskaýa bu ýadygärligiň diňe heýkeltaraşy diýip hasaplanýanýar, ýöne belki ol ýadygärligiň bezeg taslamasyna hem gatnaşandyr. Sebäbi, Tripolskaýa eýýäm ýaş wagty maýolikada işläpdir we soňam onuň döredijiligi bu sungat bilen aýrylmaz bagly bolupdyr. Leniniň heýkelini döreden wagty bolsa, Tripolskaýa eýýäm tanalýan heýkeltaraşdy. Ol öz ugry boýunça Peterburgda (häzirki Sankt-Peterburg şäheri) we Parižde okapdy. Mundan başga-da, Tripolskaýa ýaş wagty dürli sergilere gatnaşyp, öz işlerine ýokary baha almagy başarypdyr.
Ýadygärligiň gurluşygy üç ýyl dowam edipdir. Aşakda berlen suratda postamentiň bezegi entäk ýok. Surat 1927-nji ýylda, ýagny ýadygärligiň açylan ýyly düşürlen bolmaly. Sebabi postamentiň bezeg işleri 1929-njy ýylyň maý aýyna çenli dowam edipdir. Şol ýylda postamentiň içinde müzeý otagy hem bolupdyr.
Surat: Russiainphoto.ru
Tripolskaýanyň zehinli heýkeltaraş bolanlygy gürrüňsizdir. “Türkmen ýaşulysy” we “Türkmen zenany” atly heýkellere gaýdyp gelenimizde, şuny bellemek bolar: bu heýkelleri synlanyňda olaryň diňe ýokary çeperçiligi däl-de, eýsem awtoryň öz gahrymanlarynyň häsiýetlerini hem anyk görkezligine göz ýetirýärsiň, ýagny üns bilen hat ýazyp oturan agras we pähimli türkmen ýaşulysy hem-de kitap okap oturan sada we asylly türkmen zenany.
Türkmenlerde bir çuň manyly aýtgy bar: “Ýagşydan at galar”. Bu, elbetde, hakykatdyr. Ýöne Ýelizaweta Rodionowna Tripolskaýanyň döreden eserlerinde onuň diňe ady galmady. Bu eserlerde onuň ýiti zehini, kalbynyň nury we ussat elleri bilen döreden bir taryh galdy.
Gunça Diwangulyýewa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy