Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Häzirki zaman sungatyna düşünmek üçin 5 dokumental film

0
43340

Häzirki zaman sungaty köplenç ýagdaýda ilkibada göreniňde düşnüksiz ýaly bolup görünýär. Oňa has gowy düşünmek üçin bolsa size sungat ussatlarynyň dünýäsine aralaşmaga we olaryň işlerine täzeçe göz garamaga ýardam etjek 5 sany dokumental filmiň sanawyny hödürleýäris.

«Sowgatlyk dükany arkaly çykyş» (2010)

Režissýor Benksiň filmi tomaşaçylary köçe sungatynyň täsin dünýäsine alyp gidýär. Filmde ýer saýlamakdan we konsepsiýany işläp düzmekden başlap, garaňkylygyň gujagynda işleri ýerine ýetirmäge çenli döredijilik prosesi aýdyň beýan edilýär. Tomaşaçy köçe suratkeşleriniň häkimiýetleriň yzarlamalaryndan gaça durmak üçin görýän howpsuzlyk çäreleri we öz stillerini nädip döredýändigi barada öwrenýär. Filmde köçe sungat medeniýetiniň wekilleri bilen dostluk hekaýalaryny paýlaşýan ikinji el dükanynyň eýesiniň gürrüňleri möhüm orny eýeleýär. Filmde Şepard Feri we Benksi ýaly meşhur graffiti suratkeşleriniň işleri görkezilýär. «Netflix»-de sungat hakda düşürilen 11 filmiň iň gowusy diýlip ses berlen bu dokumental film köçe sungatyny halaýanlaryň hemmesi üçin hakyky açyş bolar.

«Super ýyldyz: Endi Worholyň ömri we döwri» (1990)

Beýik suratkeş baradaky dokumental film arhiw materiallaryna we hudožnigiň töweregindäki adamlar bilen söhbetdeşliklere esaslanýan köptaraply biografiki zarisowkadyr. Bu kartina onuň durmuşynyň we işiniň esasy döwürlerini öz içine alýar, stiliniň we garaýyşlarynyň ösüşini görkezýär. Tomaşaçy sungat ussahanasynyň atmosferasyna düşüp, kärdeşleriniň we döwürdeşleriniň hudožnige edýän täsirini öwrenýär, döredijilik işine şaýat bolýar.

«Wiwian Maýeriň gözleginde» (2013)

Jon Malufyň we Çarli Siskeliň dokumental filminde ady diňe aradan çykandan soň dünýä belli bolan zehinli fotosuratçy Wiwian Maýeriň ömri we döredijiligi barada söhbet edilýär. Heniz eneke bolup işleýän mahaly, 20-nji asyryň ortalarynda Amerikanyň şäherleriniň gündelik durmuşy barada gürrüň berýän uly surat arhiwini döretdi. Köçe stilindäki müňlerçe sany fotosuratlar bu sungatyň ajaýyp eserleri hökmünde ykrar edilip, oňa aradan çykandan soň uly şöhrat getirdi. Gizlin zehin we garaşylmadyk ýerden tanalmak ýaly täsin duýgulary döredýän bu hekaýa millionlarça tomaşaçynyň ýüregine awlady. Şeýdibem, ol «Oskar» we «BAFTA» ýaly baýraklara mynasyp görüldi.

«Gerhard Rihter. Nakgaşlyk» (2011)

Dokumental film tomaşaçyny 20-nji asyryň ikinji ýarymynda Artnet tarapyndan iň söwda-gazanç taýdan üstünlikli suratkeş hökmünde ykrar edilen Gerhard Rihteriň dünýäsine alyp gidýär. Film, adatça, gizlin işleýän suratkeşiň döredijilik işine syn etmek üçin seýrek bolan mümkinçiligi ýetirýär. Ol hudožnigiň ussahanasynda abstrakt suratlarynyň döredilişi barada jikme-jik gürrüň berýär.

«Marina Abramowiç: hudožnigiň bar ýerinde» (2012)

Beýleki bir dokumental filmde adaty bolmadyk performanslary bilen meşhur bolan ýugoslaw suratkeşi Marina Abramowiçiň durmuşy we döredijiligi görkezilýär. Režissýor Mettýu Eýkers Abramowiçiň karýerasynyň çürdepesine öwrülen Nýu-Ýorkuň Döwrebap eserleriň sungaty muzeýinde giň gerimli retrospektiwa taýýarlyklaryny beýan edýär. Sergide hudožnigiň iň ajaýyp eserleri, şol sanda 736 sagatdan gowrak dowam eden işi hem bar. Bu terjimehal filmi prowokasiýon eserleri bilen elmydama halk arasynda uly seslenmä eýe bolan Marina Abramowiçiň döredijilik ýoluna has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär.

Peýdalanylan çeşme: vinchi-interactive.ru  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar