Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çagalara gymmat bahaly sowgat bermek dogrumy?

0
26798

Bu köp ene-atany alada goýýan soraglaryň biridir. Häzirki wagtda köp harytlar we hyzmatlar adaty zada öwrüldi welin, çagalara adaty bolmadyk, gymmat bahaly hem moda kybap gelýän zatlary satyn almak ýeňil däl iş boldy duruberdi. Emma bu karar bilen ylalaşmak aslynda dogrymy bir?

Psihologlar gaty köp sanly sowgat bermegi gadyrsyz hasaplaýarlar — ol üns-ähmiýet däl-de, borja öwrülip biler diýlip düşündirilýär. Asla bermezlik hem mümkin däl, sebäbi çaga özüni sowgat almaga mynasyp däl diýip düşüner.

Balansy nädip tapmaly?

Dürli ýaşda — dürlüçe çemeleşme:

1 — 3 ýaş:

Bu ýaşlarda çagalar sowgadyň manysyna doly düşünmeýärlerem, ýöne özüne şeýle gadyrly üns berilmegini halaýarlar. Gymmat oýnawaçlary bermek hökmanam däl-de, ýönekeý, ýöne gyzyklandyrjak zatlary alyp bermek ýeterlikdir. Sowgat bilen birlikde, duýgyňy, mähriňi bermek täsirli. Mysal üçin, çaganyň täze oýnawajyny onuň bilen bilelikde oýnamak.

4 — 7 ýaş:

Çagalar sowgatlaryň gymmatyna eýýäm düşünýärler. Bu ýaşda siz olara has çylşyrymly oýunjaklary, kämilleşdiriji oýunlary, kitaplary berip bilersiňiz. Çagalary dostlary bilen sowgat paýlaşmaga höweslendiriň.

Mekdebe çenli çagalara berilmeli däl sowgatlar:

Sowgadyny sorap talap etmek. Çaga munuň sowgat almagyň iň gowy usulydygyna göz ýetirse, bu ýakynlaryň manipulýasiýasyna sebäp bolup biler. Bu görnüşde alnan sowgat şatlyk getirmez, diňe islenmeýän hereketleri güýçlendirer.

Gymmat, moda kybap, emma welin gerekmejek sowgatlar. 6 ýaşa çenli çagalar sowgadyň gymmatyna düşünmeýärler. Gymmat oýnawaçlary oýnap ýören çaga ýönekeý oýunjagy hem halap, ony iň gowy görýän oýunjagyna öwrüp biler. Sowgadyň çaganyň ýaşyna, gyzyklanmalaryna we zerurlyklaryna näderejede laýykdygyny gözden geçiriň.

8 — 12 ýaş:

Uly çagalar eýýäm öz sowgadyny saýlap bilýärler. Isleýän sowgatlaryňyz barada gepleşmegi, wariantlary, olaryň bahasyny we gymmatlygyny, peýdasyny ara alyp maslahatlaşmagy ýatdan çykarmaň. Maliýe çäklendirmelerini çagalaryňyzdan gizlemäň. Has kiçi mekdep okuwçylaryna maşgala býujeti barada eýýäm aýdyp bolar we bu etmeli zatlaryň biridir.

Çagalary başgalara sowgat bermäge höweslendiriň. Bu olara sahylygy we ýakynlaryna ýardam etmegi öwredýär. 

Nähili sowgatlary bermeli däl?

Çagalaryň ýürekgysgynçlygyny aýyrmaga niýetläp sowgat bermäň. Bu duýgy hatda köp oýnawaç we enjamlar bolýanda-da çagalar üçin tebigydyr.

Näme üçin ýüregini gysdyrmaz ýaly sowgat bermeli däl:

- meseläni çözmeýär. Ýadawlyk oýunjak ýetmezçiligi sebäpli däl-de, ýaş ýa-da içerki tejribe sebäpli döräp biler.
- nädogry garaýşy emele getirýär. Sowgatlar çagany içgysgynçlyga garşy göreşmegiň başga ýollaryny gözlemekden saklap, bu ýagdaýdan dynmagyň esasy guraly bolup biler.
- şeýle zatlardan doýmagyna getirýär. Gaty köp sowgat täze zatlara bolan gyzyklanmany peseldip, içgysgynçlygy hasam erbetleşdirip biler.

Ýetginjekler

Çagalar ýetginjeklik müçesine girenlerinde özlerini görkezmäge we tanamaga barha köp synanyşýarlar. Belli bir topara girmek we deň-duşlaryndan tapawutlanmazlyk möhümdir. Bu dereje olaryň sowgatlara bildirýän isleglerinde öz beýanyny tapýar: brend eşikler we aýakgaplar, moda esbaplary, meşhur çärelere biletler, iň täze enjamlar, daşary ýurda syýahat. 

Bu meselede ýetginjek bilen sowgatlar barada anyk şertnamalary düzmek möhümdir: býujeti kesgitlemek, yzygiderliligi kesgitlemek, gyzyklanmalary göz öňünde tutmak.

Dürli ýaşdaky çagalar üçin sowgat saýlamakda goýberilýän 4 ýalňyşlyk:

1. Üstünliklerine töleg hökmünde sowgat bermek:

Okuwdaky üstünlikleri, öýde berýän ýardamy ýa-da beýleki üstünlikleri üçin çagalar bilen sowgat esasynda hasaplaşmak asla ýalňyşdyr. Bular çaga söýginiň we aladanyň alamaty däl-de, olary kabul etmegine sebäp bolup biler.

2. Üns bermegiň ýerine sowgatlar:

Wagtyň ýa-da ünsüň ýetmezçiliginiň «öwezini dolmak» üçin sowgat bermeli däldir. Siziň barlygyňyz we onuň durmuşynda uly orny eýeleýändigiňiz çaga üçin maddy zatlardan has möhümdir.

3. «Özüňiz üçin» sowgatlar:

Çagalara özüňiziň almak isleýän sowgatlaryňyzy bermeli däldir. Sowgat siziňki däl-de, çaganyň gyzyklanmalaryna we isleglerine laýyk gelmelidir.

4. «Arzan» sowgat üçin özüňi günäkär duýmak:

Çagaňyza gymmat sowgat satyn alyp bilmeýändigiňiz üçin özüňizi günäkärlemäň. Iň esasy zat sowgadyň bahasy däl-de, üns we aladadyr.

P.S. Çagalygyňyzy ýada salyň. Haýsy sowgatlar hakydaňyza dolýar? Olar gymmatdymy?

Peýdalanylan çeşme: interneturok.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar