Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rezýume ýazmakda adaty sözleri we ülňüleri nädip üýtgetmeli

0
43046

Anketa doldurmak ýa-da rezýume ýazmak — uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän, gündelik durmuşda iň bir köp gabat gelýän ýagdaýymyz. Bu resminamalarda iş ýerleri we bilimi baradaky maglumatlary sanamak kyn bolmasa-da, «Şahsy häsiýetleri» baradaky bölüm doldurmak köpleriň pikirini bulaşdyrýar.

Köplenç sada bolmaga synanyşýarys-da, özümize baha bermekden çekinýäris, bu ýagdaý birhili gypynçly görünýär, şeýdibem rezýumede adaty we lenç edilen sözleri ýazmaga ýykgyn edýäris: stresse durnukly, aragatnaşyk saklamaga meýilli, ýerlikli we ş.m.

Işe kabul etmek boýunça söhbetdeşlik geçirýän hünärmenler halaýan işiňize boş iş orny üçin ýüz tutanyňyzda ikinji mümkinçiligiň bolup bilmejekdigini ýatdan çykarmazlygy maslahat berýärler. Şonuň üçin rezýumeniň şahsy häsiýetleri bölümindäki maglumatlary iş berijiniň ünsüni çeker ýaly derejede taýýarlamak möhümdir.

Iş we işgär gözlemek boýunça meşhur hasap edilýän hh.ru web saýty bu ýagdaýlarda haýsy sözleri ulanmaly däldigini we rezýumede olary haýsy düşünjeler bilen çalşyp boljakdygyny maslahat berýär:

Stresse durnukly diýen sözümizi — «ygtybarly», «ederini bilýän», «adalatly», «häsiýeti üýtgemeýän» diýen ýaly sözler bilen çalşyp bileris.

Aragatnaşyk saklamaga meýilli diýen sözi — «dostlukly», «alçak», «gepi-sözi ýerinde», «dogruçyl», «ýagdaýa düşünip bilýän», «duýguçyl», «özüne çekiji» diýen sözler bilen çalşylyp bilner.

Ýerlikli, sazlaşykly, ýerbe-ýer. Bularyň ornuna — «jogapkärli», «gönümel», «ünsli», «tertipli» diýen sözleri ulanyp bileris.

Tiz öwrenip bilýän diýen ýaly jümläni — «bilime höwesli», «hemişe özüni kämilleşdirýärin», «öz hünärimi öwrenmäge çalyşýaryn», «meniň üns merkezimde durýan zatlar — bilim we tejribe», «goşmaça bilimleri öwrenmek bilen gyzyklanýaryn» diýip üýtgedip bolýar.

Eger iş beriji işe ýerleşmek isleýän adamdan öz kemter gaýdýan taraplaryň barda aýt diýse näme etmeli? Rezýumede özüňiz barada galdyran täsiriňizi puja çykarmajak nähili häsiýetler barada aýdyp bolarka?!

Öz kemiňiz barada aýdanyňyzda saýlaýan hünäriňiz üçin oňaýly boljak otrisatel häsiýetler barada aýdyp bilersiňiz. Mysal üçin, birahat oturmak ýa-da aşa işjeňlik häsiýetleri köp ýerde zerur däl häsiýetler hasap edilse-de, söwdagär bolmakda olar tüýs gerek häsiýetlerdir.

Ine, «КлубТК» kadrlar agentliginiň şeýle kemçilik hasaplanýan häsiýetleriň peýdaly taraplary baradaky getirýän birnäçe mysallary:

Haýal-ýagallyk etmek — has ownuk ýalňyşlaryň goýberilmegine ýol bermezlik.

Talapkärlik — ýarym güýjüňize işlemekden saklar.

Azsözlülik — az gepläp, köp işlemekdir.

Bulardan başga-da, otrisatel häsiýetleriň hataryna şulary goşmak bolar: şöhratparazlyk, gönümellik, üstünlige aşa ymtylyş, bir pikirde saklanmak we ş.m.

Ýüregedüşgünç, adaty ülňülerden daşda durjak boluň, şeýle eden ýagdaýyňyzda siziň rezýumeňiz beýleki iş gözleýänleriň anketalaryndan düýpgöter tapawutlanar hem-de üns çekiji bolar.

Peýdalanylan çeşmeler: clubtk.ru; im-konsalting.ru; rbclife.ru; hh.ru; ria.ru 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar