Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýol hereketiniň kadalarynyň taryhyndan

0
23185
Ýol hereketiniň kadalarynyň taryhyndan
Surat: ru.freepik.com

Ýol hereketine gatnaşyjylaryň hereketlerini kadalaşdyrýan düzgünler has ir döwürlerde döräpdir. Şäherdäki hereketleri tertipleşdirmek işine Rim imperatory Gaý Ýuliý Sezar tarapyndan b.e.öň 50-nji ýyllarda başlanylypdyr. Ol şäheriň käbir köçelerinde birtaraplaýyn hereketleri ýola goýup, şähere gelýänleriň pyýada gezmegi üçin karar kabul edipdir. Şäheriň myhmanlary öz «ulaglaryny» şäheriň daşynda goýup, pyýada hereket etmäge ýa-da kireýine arabalarda aýlanmaga mejbur bolupdyrlar.

Şol döwürde ýol hereketiniň bu özboluşly düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak üçin ýörite gulluk döredilipdir. Bu gullukda işlejek adamlar hökmünde ýangyna garşy göreşiji gulluklaryň ozalky işgärleriniň hataryndan işe çekipdirler. Olaryň wezipe borçlaryna diňe ýol hereketine gözegçilik etmek däl-de, arabaçylaryň öz aralarynda döreýän gapma-garşylyklaryň, dawalaryň öňüni almak ýaly goşmaça wezipeler ýüklenipdir.

Russiýada poçta we beýleki gatnawlaryň düzgünleri öz taryhyny ХV asyrdan, ýagny Iwan III döwründen alyp gaýdýar. ХVII asyrda bolsa at ulaglarynyň köpelmegi bilen, ýol hereketiniň täze düzgünlerini girizmek zerurlygy ýüze çykypdyr. Pýotr I tarapyndan çykarylan karara laýyklykda, adam heläkçilikleriniň öňüni almak maksady bilen, at arabalarynyň sürüjilerine haýal we örän seresap hereket etmek tabşyrylypdyr. 

Ilkinji ýol belgileri tablisa görnüşde bolan bolsa, Londonda 1868-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Parlamentiň öňündäki meýdançada reňkli diskli, semafora meňzeş ilkinji ýolyşyk (swetofor) ýerleşdirilipdir. Onuň semafor görnüşde bolmagy ýöne ýere däl, sebäbi ony oýlap tapan Jon P.Naýt demir ýol semaforlary boýunça hünärmen bolupdyr.

Aşgabatda hereket howpsuzlygynyň çäreleri ХIХ ýüzýyllygyň ahyrlarynda durmuşa geçirilip başlanypdyr. 1899-njy ýylda Ashabatda (şol döwürdäki ady) 45 sany köçe bolup, olarda adam gatnatmak üçin 136 sany paýtun, ýük we suw daşamak üçin 193 sany araba işledilipdir. Ashabat şol döwürde iň bir ýygy hereket ulagly şäher bolup, diňe 1899-njy ýylyň dowamynda Eýrandan, Russiýadan we Aziýa ýurtlaryndan düzüminde 36 576 düýe bolan 1000 sany söwda kerweni şähere gelen eken. Şonuň üçin şäher häkimiýeti 1900-nji ýylda şäherdäki köprüleri, ýanýodalary abadanlaşdyrmak we tomus möwsüminde köçeleri, baglary suwarmak üçin goşmaça pul serişdelerini sarp edipdir. 
«Ashabat» gazetiniň 1912-nji ýylyň 18-nji noýabryndaky sanyndaky maglumata görä, şol döwürde 216 sany kiçi göwrümli paýtunlar we 380 sany ýük daşaýan arabalaryň eýeleri bolupdyr.

Ilkinji awtoulaglaryň ýüze çykmagy bilen köp adamlarda nägilelikler döräp başlapdyr. Nägilelikler, esasan, awtoulaglary özleriniň ýük daşamakda esasy bäsdeşi hasaplan atlara enjamlaşdyrylan arabalaryň baý eýelerinde ýüze çykypdyr. Olaryň Hökümeti awtoulaglaryň eýeleriniň garşysyna öjükdirmekleriniň netijesinde, Hökümet tarapyndan berk düzgünler girizilip başlanypdyr. ХIХ asyryň ahyrlarynda awtoulaglary gysmaklygyň netijesinde käbir döwletlerde häzirki döwürde geň galdyryp biljek, gadagan ediji düzgünler girizilipdir:

- Rimde awtoulagyň hyzmatyndan agşam sagat 21:00-dan soň peýdalanmak;
- Angliýada awtoulaglarda ses duýduryjysyny ulanmak;
- Germaniýada atly gatnaw duş gelende diňe awtoulagy saklamak däl-de, atlary ürküzmezlik üçin onuň hereketlendirijisini öçürmek;
- ABŞ-nyň Tehas ştatynda atly ulag gabat gelen mahalynda ýoluň gyrasyna çykyp, awtoulagy saklamak we onuň üstüni ýeriň reňkine meňzeş örtük bilen ýapmak hakynda kanun kabul edilipdir.

Ashabatda ilkinji awtoulaglar ХХ asyryň başlarynda ýüze çykyp başlapdyr. 1910-njy ýylda Ashabat — Pöwrize aralygyna awtoulag gatnawy ýola goýlup, ýolagçy gatnatmak üçin üç sany awtoulag ulanylypdyr. Olar bu aralygy 1,5-2 sagatda geçipdirler. «Ashabat» gazetiniň 1914-nji ýylyň 13-nji maýyndaky sanynda şäherde hereket edýän awtoulaglaryň sanynyň 12-ä ýetendigi sebäpli, ulag dolandyrmaga degişli düzgünleri girizmegiň zerurlygy barada ýazylypdyr. Şeýle-de bolsa, ýol hereketiniň ýeke-täk düzgünleri gijikdirilip, 1920-nji ýylyň 10-njy iýunynda kabul edilipdir.

Şondan bäri, düzgünler, ýol belgileriniň ulgamy döwre görä üýtgedilip, özgerdilip gelýär. Olaryň üsti ýetirilýär we kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýol hereketiniň düzgünleri we olary bilmek, eýermek hem-de ony köpçülikleýin berjaý etmek işleri döwrüň möhüm işleriniň hatarynda kesgitlenilýär. Ulagy dolandyrmak, munuň üçin ýol hereketiniň, ulagy talabalaýyk dolandyrmagyň düzgünleri, ýol hereketiniň kadalary Türkmenistanda «Türkmenawtoulaglary» agentligine degişli bolan Awtomobil mekdepleriň birleşigi tarapyndan ýörite geçirilýän sapaklarda giňişleýin nazary we amaly taýdan öwredilýär. Bu bolsa öz gezeginde ýurtda sürüjileriň bilimleriniň we başarnyklarynyň ýokarlanmagy üçin zerur şertlerdir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar