Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ykjam daňylan galstuk — durmuşyň ilkinji ynamly ädimi» — Oskar Waýld

0
31741

Döwrebaplyga ymtylýan islendik erkek kişi tekjesinde ajaýyp galstuklary jemleýändir. Bu aýratyn-da üstünlikli işleýän we sylaglanýan adamlarda hökmany bolaýmaly ýagdaý.

Ýöne erkekleriň özi bolsa galstuk dakynmak babatda dürlüçe pikirde — olaryň biri galstuk dakynmagy örän halaýan bolsa, ýene birleri galstuk dakynman gezýärler ýa-da öýe gelenlerinde ilkinji çykarynýan zatlary şol bolýar.

Bu makalada siziň indiden başlap galstuk dakynmak isleýändigiňiz ýa-da eýýäm galstugyň çyn aşygydygyňyz barada däl-de, galstuk baradaky bolup biljek garaýyşlar, sowallar dogrusynda belläp geçmek isleýäris.

Galstugy diňe nusgawy stildäki egin-eşikler bilen dakynmalymy?

Bir söz bilen aýtsak, ýok. Bilermenler galstugy penjeksiz dakyp bolýandygyny, munuň üçin bolsa inçe galstuugy saýlamagy we köýnegi bedeniňe görä seçip almagyň zerurdygyny belleýärler. Şunuň bilen birlikde olar gysga ýeňli köýnek bilen galstuk dakynmazlygy aýdýarlar, ondan gowsy ýeňli köýnegi epläp geýmegem bolar.

Geýim tekjäňde ortaça näçe sany galstuk bolmaly?

Bellenilişine görä, her lybas üçin üç sany galstuk alyp goýulýar. Ýöne döwrebap modanyň ideal talaplaryna eýermek hökman däl diýlip pikir edilende, hepdede 4-5 gün galstuk dakynýan adam üçin 8 sany ýaly galstuk hem ýeterlik bolar. Eger galstugy diňe dabaraly ýagdaýlar üçin dakynýan bolsaňyz, onda size dört galstugam laýyk bolýar.

Galstugyň uzynlygy we ini nähiliräk bolmaly?

Galstugyň uzynlygy kemeriň ortaky berkitmesine çenli ýetmeli. Muny barlap görmek üçin galstugy uzynlygyna köýnegiň 3-4 iliginden aşaklygyna girizip görmek ýeterlikdir. Bu stil military tuck-in diýlip atlandyrylýar (harby düzleme) we tomsuna örän gowy gelişýär. Galstugy jalbaryň içine salmak düýbünden ýalňyşdyr. Bu örän gelşiksiz görünýär. Edil şunuň ýaly, mysal üçin nahar başynda galstugyňyzy egniňizden aşyrmak hem dogry däldir.

Galstugyň ini babatda aýdylanda, onuň adaty kadaly ölçegi bar, mysal üçin 7-7,5 santimetr. Bu ölçeg köplere kybap gelýär. Şeýle-de galstuk saýlananda penjegiň ýakasynyň inliligine üns bermeli. Olar biri-biri bilen laýyk gelmelidir.

Galstuk bilen köýnegi nädip sazlaşdyrmaly?

Ilkinji nobatda, reňki laýyk gelmeli. Uniwersal ak ýa-da mawy köýnekler bilen islendik reňkdäki galstuk kybap gelýär. Süýt reňkli köýnek bilen reňkdeş ýa-da goňur reňkli galstuk laýykdyr.

Gyzyl reňkli köýnek bilen garamtyl öwüşginli, aýratyn-da gara reňkli galstuk dakynmak ýerine düşer. Garamtyl (gara ýa-da garamtyl gök) reňkli galstuklary ýapyk gyzyl reňkli köýnek bilen hem dakynyp bolýar. Gök köýnege bolsa gyzyl, gara hem-de sary reňkli galstuklar gelişýär. Mawy reňkli köýnege hem gyzyl, ýaşyl we sary galstuklar laýykdyr.

Bellik üçin uniwersal reňkli galstuklara gök we ýapyk gyzyl reňkli galstuklaryň degişlidigini nygtamak bolar.

Galstuga gysgyç näme üçin gerek?

Gysgyç galstugy gysyp saklamak we ony zerur ýerinde saklamak üçin gerek. Ýene bir bilmeli zatlaryň biri — gysgyjy galstuk bilen perpendikulýar, has takygy goltuk jübiniň deňinde dakmak gerek.

Galstuk satyn alnanda nämä aýrtayn üns bermeli?

Bu babatda Turkmenportal habarlar saýtyna meşhur «Altin Yildiz» brendiniň Aşgabatdaky dükanynyň hünärmeni degerli maslahatlary berýär.

Ýokary hilli önüm üç ýerinden tikilen bolýar, mysal üçin galstugyň arka ýüzünde onuň iki gapdalyny berkidýän bölek ýerleşdirilýär.

Has hilli galstuklar diňe tebigy materiallardan — ýüpekden, pagtaly ýüplükden, zygyr matadan we kaşemirden taýýarlanylýar. Mundan başga-da, galstuk gysylmaly we towlanmaly däldir.

Galstuk saýlamakda Aşgabat şäheriniň «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Altin Yildiz Classics», «Ramsey» hem-de «Avva» ýaly meşhur brendleriň dükanlaryna ýüz tutup, hakyky materiallardan tikilen galstuklary saýlap bilersiňiz. Bu ýerde zähmet çekýän döwrebap moda has oňat düşünýän satyjy-hünärmenler diňe bir galstuk saýlamakda däl, eýsem geýim tekjäňizde hemişe islendik ýagdaýlar üçin ýarajak egin-eşikleri, şeýle-de aksessuarlary saýlap almaga ýardam ederler.
 

Habarlaşmak üçin:

Peýdalanylan çeşmeler: gq.ru, yepman.ru; manrule.ru; tossy.ru.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar