Öňki sowet harby gullukçysy Sergeý Krasnoperow 40 ýyldan soňra Owganystandan watany Russiýa gaýdyp geldi diýip, RT teleýaýlymy habar berdi.
Krasnoperow öň Kurganda ýaşaýardy. Ol harby gullukçyka Owganystana gitdi. 1985-nji ýylda gullukdaşlary bilen oňuşman, harby bölümi terk etdi we mojahedlere ýesir düşdi. Krasnoperowa diri galmak başartdy, ol birnäçe urşy we agyr keseli başdan geçirdi. Bu gün ol 60 ýaşynda. Keseki ýurtda geçiren ýyllary ýerli gyza öýlendi we alty çaganyň atasy boldy. Sergeý adyny Nurmomad diýip üýtgetdi hem-de yslam dinini kabul etdi.
Krasnoperowyň sözlerine görä, sowet hökümeti oňa birnäçe gezek öýlerine dolanmagy teklip etdi, emma öýli-işikli bolansoň, ol ýüz öwürdi. Russiýaly Owganystanda ýol gurluşygy bilen meşgullanýar we ýerli elektrik stansiýasynda işleýär.
Sergeý köp ýyllap dogan-garyndaşlaryny görmedi, indi bolsa olary görmek üçin Russiýa geldi. Russiýada onuň ýaşy segsenden geçen ejesi ýaşaýar.