21 — 25-nji maý aralygynda türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Bilim departamenti tarapyndan Sian şäherinde geçirilýän «Ýüpek ýolunyň ugrunda senagat, bilim, gözleg we amaly hyzmatdaşlyk – 2025» atly halkara maslahata gatnaşýar.
Wekiliýetiň düzüminde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary bar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Halkara maslahatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy G.Rejepowa türkmen wekiliýetiniň adyndan çykyş etdi. Ol öz çykyşynda häzirki wagtda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde uly işleri durmuşa geçirýändiklerini, bu ugurda ählumumy başlangyçlaryny öňe sürýändiklerini we türkmen ýaşlarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça bilim alýandyklaryny belläp geçdi.