Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gizlinligiň kepilligi: ygtybarly açar sözi nähili döretmeli

0
24090

Häzirki döwürde ygtybarly elektron açar sözi şahsy maglumatlaryň hem-de pul serişdeleriniň ykjam saklanylmagynyň girewi hasap edilýär. Hut şonuň üçin-de, biz islendik ýagdaýda «döwüp» bolmajak ynamly açar sözi oýlap tapmaly bolýarys.

Açar sözi «döwmek» ýeňilmi?

Adaty tertipde ýazylýan we «döwmesi» hem ýeňil bolan açar sözler bar. Bu ilkinji nobatda yzygiderli tertipde ýerleşdirilen sanlaryň, «qwerty» ýaly klawiaturanyň ýokarky setir ilkinji harplarynyň ýa-da ikinji we üçünji setirdäki harplarynyň ýerleşdirilmegi bilen goýulýar.

Doglan senäňiz ýa-da çagaňyzyň doglan senesi, ady we familiýasy ýaly açar sözler hem o diýen bir ygtybarly däldir. Eger açar sözuňizi döwmek isleýän adam siz baradaky maglumatlary oňat bilýän bolsa, onda ol siziň maglumatlaryňyza aralaşyp biler. Hatda internet torunda açar sözleriň adaty görnüşleri yzygiderli jedwellerde berilýär. Mundan peýdalanyp belli bir wagtyň dowamynda şu hili açar sözleri açmak örän mümkindir. Gowy ýeri, kiberhowpsuzlyk goraglylygyny üpjün edýän hünärmenler hem şeýle ýagdaýlary nazarda tutup, birnäçe gezekki ýalňyş synanyşykdan soň açar sözi awtomatik usulda blokirlener ýaly edýärler.

Açar sözi goýmakda ýene bir köp goýberilýän ýalňyş — şol bir açar sözi birnäçe şahsy hasaplar ýa-da poçta hasaplary üçin goýmak. Bu bir tarapdan köp açar sözi ulanyp, olaram ýatdan çykaryp kösenip ýörmez ýaly gowudyr.

Emma, beýleki bir tarapdan bir hasabyňyzyň açar sözüni bilip oňa aralaşsalar, beýleki hasaplaryňyz üçin howp abanyp biler. Eger barybir köp açar sözi goýmagyň ýerine şol bir sanlary ýa harplary ulanjak bolsaňyz, onda her şahsy hasabyňyza şol bir adaty goýýan açar sözüňiziň yzyna tapawutly anyk bir belgini oýlap tapyň. Esasy zat — nähili belgileri goşanyňy ýatda saklamak.

Nähili açar sözleri goýmak maslahat berilmeýär?

  1. Has gysga açar sözleri goýmak — 8 belgiden az bolan açar sözi;
  2. Diňe harplardan ýa-da sanlardan ybarat açar sözi goýmak;
  3. Pasportdaky maglumatlardan ybarat açar sözi goýmak;
  4. Yzygiderli tertipdäki harplary we sanlary goýmak.

Goýýan açar sözüňiz näçe ýeňil bolsa, şonça-da ony ýörite niýetlenen, adatça iň köp ulanylýan açar sözleriň sözlügini özünde jemleýän programmalar bilen «döwmek» mümkindir.

Nähili açar sözi ygtybarly hasaplap bolar?

  1. 12-14 belgiden ybarat, özünde baş hem-de setir harplary, şeýle-de dyngy belgileri jemleýän paroly;
  2. «Ganatly jümleler», has takygy siziň birki sözden ybarat iň halaýan jümläňizi;
  3. Çylşyrymly sözlemiň baş harplaryny açar sözi edip goýmak. Beýle ýagdaýda degişli sözlemi has takyk ýat beklemek gerek.
  4. Düşnüksiz, bimany yzygiderlilikdäki belgileri saýlamak. Beýle açar sözi ýat tutmak kyn, ýöne ony döwmek hem ýeňil däldir. Hatda şeýle düşnüksiz belgilerden açar sözi düzýän serwislerem hereket edýär. Mysal üçin, random.org web saýty.

Açar sözümizi nirä bellik edip goýmaly däl?

  1. Eger kompýuteri sizden başga-da kimdir biri ulanýan bolsa, onda açar sözi kompýuterde tekst görnüşinde ýazyp goýmak ýerliksizdir;
  2. Internetde bulut bukjalarynda goýmak;
  3. Brawzerde açar sözi ýatda saklamak üçin gurnalan bukjada goýmak. Onuň işiniň dürli sebäplere görä bes edilmegi bilen ähli açar sözüňiz ýitip biler. Eger ýene-de bu usuly iň amatlysy hasaplan ýagdaýyňyzda, onuň ätiýaçlyk nusgasyny döretmek hökmanydyr.

Açar sözi kagyza gizlenen (şifrlenen) görnüşde, has takygy nämäniň açar sözüdigini düşnükli biler ýaly ýazyp, ony hem buky ýerde ykjam gizlemek bolar.
Islendik saýlanan paroly hem wagtyň geçmegi bilen çalşyp, birki ýyldan , eger mümkinçilik bolsa ýygy-ýygydan üýtgedip durmak zerurdyr.

Çeşmeler: lifehacker.ru; chaynikam.net; www.ixbt.com.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar