Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Perhat Begenjow

0
12353

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça wagyz işleri dowam edýär. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň sany 9 adamdan ybarat. Dalaşgärleriň biri Perhat Begenjowyň terjimehaly we saýlaw maksatnamasy bilen tanyş edýäris.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Perhat Guwançgulyýewiç Begenjowyň terjimehaly

Perhat Guwançgulyýewiç Begenjow 1980-nji ýylyň 13-nji martynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Beşir obasynda doguldy. Milleti türkmen.

1986 — 1996-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky 2-nji orta mekdepde okady.

1996 — 2000-nji ýyllarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda okap, ony ykdysatçy hünäri boýunça tamamlady.

2000 — 2002-nji ýyllarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet we menejment kafedrasynyň mugallymy bolup zähmet ýoluna başlady.

2002-2003-nji ýyllarda harby gullukda boldy.

2004 — 2007-nji ýyllarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet we menejment kafedrasynyň mugallymy, okuw bölüminiň önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy bolup işledi.

2007 — 2013-nji ýyllarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň dünýä ykdysadyýeti we halkara ykdysady gatnaşyklar kafedrasynyň mugallymy, maliýe kafedrasynyň uly mugallymy, maliýe fakultetiniň dekanynyň orunbasary wezipelerinde işledi.

2013-2014-nji ýyllarda Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işledi.

2014-nji ýylyň mart aýyndan bäri Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory wezipesinde zähmet çekýär.

Maşgalaly, dört çagasy bar.

Lebap welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlendi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Perhat Guwançgulyýewiç Begenjowyň maksatnamasy

Meni Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna hoşallygymy bildirýärin we olara jan saglygyny, işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly adamlar, eger-de men bu uly döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýymda, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmak üçin şu wezipeleri ýerine ýetirmegi maksat edinýärin:

 Senagat we oba hojalyk, ýangyç-energetika, ulag-logistika ulgamlarynda gazanylýan ösüşler, dünýäniň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan önümçilik desgalarynyň ulanylmaga berilmegi, obalaryň, şäherçeleriň we etraplardaky şäherleriň, etrap merkezleriniň yzygiderli abadanlaşdyrylmagy, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýaly hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaýyn beýik işlerini dowam etdirmek meniň baş maksadym bolar. Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkara derejedäki ornunyň pugtalanmagy ugrunda we halkymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli işleri mundan beýläk hem dowam etdireris.

Ýurdumyzda ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmek, alymlaryň, ýokary derejeli hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek boýunça hem ulgamlaýyn işleri alyp barmak, medeniýeti ösdürmek, milli gymmatlyklary aýawly saklamak, dikeltmek we üstüni ýetirmek, adamlarda watansöýüjiligi, ruhubelentligi hem-de ýokary ahlaklylygy terbiýelemek meseleleri döwletiň hemişe üns merkezinde saklanar. Munuň özi türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen şu günki bagtyýar durmuşynyň bir bitewülige jemlenmegini we milletiň, sözüň doly manysynda, ruhy galkynyşynyň emele gelmegini üpjün eder.

Sebitde we dünýäde parahatçylyk, dostluk we hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen daşary syýasatymyzy yzygiderli dowam etdireris.

Gahryman Arkadagymyzyň kesgitleýşi ýaly, döwletiň baş baýlygy halkymyzyň saglygydyr. Şoňa görä-de, ilata edilýän lukmançylyk we beýleki hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň hilini ýokarlandyrmak, adamlaryň saglygy hakdaky aladalar, halkymyzyň zähmet hem-de dynç alyş şertlerini gowulandyrmak meseleleri bilen meşgullanýan ähli edaralaryň we gulluklaryň işini ýokary derejede guramak mundan beýläk hem dowam etdiriler.

 Obalarda kärendeçileriň, ýer eýeleriniň ösdürip ýetişdiren oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň hasabyna oba hojalyk senagatynyň giňden ýola goýulmagy, raýatlaryň önümleri gaýtadan işleýän hususy kärhanalary döretmek baradaky islegleriniň ählitaraplaýyn goldanylmagy, şeýle hem täze, döwrebap ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň we maldarçylyk toplumlarynyň gurulmagy dowam etdiriler. Bu bolsa azyk bolçulygyny mundan beýläk hem berkitmäge oňyn şertleri döreder.

 Biz mundan beýläk-de obalary özgerderis, oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri geçireris. Oba ýerlerinde ilatyň öz serişdeleriniň we döwletiň ýeňillikli karzlarynyň hasabyna ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap durmuş-medeni desgalaryň gurluşyklarynyň has çalt depginlerde alnyp barylmagyna mümkinçilikleri dörederis. Awtomobil ýollarynyň, elektrik, gaz, suw geçirijileriň durkuny täzelemek we beýleki amatlyklary döretmek baş wezipelerimiziň biri bolar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagy, ozaly bilen, ykdysadyýetiň binýatlyk pudaklary, ýagny nebitgaz we mineral serişdeler, energetika, himiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk, söwda we syýahatçylyk pudaklaryny sazlaşykly ösdürmegi, milli baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanyp, olary halkymyzyň bähbitlerine ulanmagy maksat edinýäris.

Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ösüşini milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudaklaryny, ýagny nebitgaz hem-de mineral serişdeler, energetika, himiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk, söwda we syýahatçylyk pudaklaryny sazlaşykly ösdürmekde görýäris. Bu pudaklaryň çalt depginlerde ösdürilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna getirer.

Türkmenistanyň ykdysady binýadyny has-da berkitmek üçin ösüşiň ýokary depginlerini gazanmak, çig mallardan we önümçiligiň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ýangyç-energetika, himiýa, dokma, oba hojalyk pudaklaryny has-da ösdürmek, hususy telekeçiligi we işewürligi goldamak, ykdysadyýetimiziň dünýä hojalyk ulgamyna giňden goşulyşmagyny üpjün etmek ýaly wezipeleri aýratyn ugurlar hökmünde kesgitläris. Daşary söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ýokary girdejili býujeti düzmek, milli puluň hümmetini artdyrmak, dünýäde ykdysady çökgünligiň dowam edýän wagtynda ähli pudaklaryň durnukly, sazlaşykly ösüşini, adamlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek ýaly meseleler döwletiň üns merkezinde bolmalydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýymda, milli baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanyp, halkymyzyň, Watanymyzyň bähbitlerini goramak biziň baş wezipämiz bolar. Türkmenistan dünýäniň iri energetika döwletleriniň hatarynda mäkäm orun aldy we özüniň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Türkmenistan dünýäde tebigy baýlyklara we energiýa çeşmelerine baý, kuwwatly döwletleriň biridir. Ýurdumyzda tebigy gaz bilen işleýän energiýa öndüriji kuwwatlyklar ýokary depginlerde ösdürilýär, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek esasy wezipeler bolup durýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkara derejedäki ornunyň pugtalanmagynyň we halkymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli işleri mundan beýläk hem dowam etdireris.

Geljekde elektrik energiýasyny daşary döwletlere ibermek işleri güýçli depginler bilen dowam etdiriler. Ulag, aragatnaşyk ulgamynyň ösüşine döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garamagy göz öňünde tutarys.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» geljek 30 ýylyň içinde ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiziň çuň mazmunly taryhy çykyşy, mejlisde kabul edilen, halkymyzyň abadan durmuşyny, döwletimiziň berkararlygyny nazarlaýan çözgütler geljekki ösüşlerimiziň ygtybarly binýady bolar. Türkmen halkynyň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen maksatnamalary amala aşyrmakda biziň her birimiziň öňümizde örän uly wezipeler durýar. Şol wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň ähli raýatlary bilen agzybirlikde, döredijilikli, joşgunly zähmet çekip, uly üstünlikleri gazanjakdygymyza pugta ynanýaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar