Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Agajan Bekmyradow

0
8404

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça wagyz işleri dowam edýär. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň sany 9 adamdan ybarat. Dalaşgärleriň biri Agajan Bekmyradowyň terjimehaly we saýlaw maksatnamasy bilen tanyş edýäris.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Agajan Bekmyradowyň terjimehaly

Agajan Bekmyradow 1974-nji ýylyň 14-nji awgustynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.

1980 — 1990-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 21-nji orta mekdepde okady.

1990-1991-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi, 1991-1992-nji ýyllarda Mary welaýat ýol ulanyş dolandyrmasynyň Wekilbazar etrap bölüminde işçi bolup zähmet çekdi.

1991 — 1995-nji ýyllarda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda okap, inžener-gurluşykçy hünärini ele aldy.

1992 — 1996-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky «Azat» hususy kärhanasynyň başlygynyň orunbasary;

1996-1997-nji ýyllarda Mary şäherindäki süýji önümlerini öndürýän fabrikde tehniki howpsuzlyk inženeri;

1997 — 2000-nji ýyllarda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşiginiň hasapçysy bolup işledi.

2000-2001-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri;

2001 — 2005-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap häkimliginiň 1-nji derejeli hünärmeni, baş hünärmeni, bölüm müdiri wezipelerinde işledi.

2005 — 2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Wekilbazar etrap birleşmesiniň başlygy;

2016-2017-nji ýyllarda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň häkiminiň orunbasary, Wekilbazar etrabynyň häkimi wezipelerinde işledi.

2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň IV, V çagyrylyşlarynyň deputaty bolan.

Maşgalaly, üç çagasy bar.

Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Agajan Bekmyradowyň maksatnamasy

Meni ýokary döwlet wezipesine — Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hödürlän Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalaryna sagbolsun aýdýaryn we olara işlerinde hemişe uly-uly üstünlikleri gazanmaklaryny tüýs ýürekden arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki saýlawlary hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda milli demokratiýanyň, adam hukuklarynyň doly berjaý edilýändigini subut edýär.

Beýik ösüşler bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, ylymda, bilimde, oba hojalygynda, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda gazanylýan görlüp-eşidilmedik öňegidişlikler berkarar ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we durmuş goraglylygynyň binýadyny has-da berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz döredijilikli zähmeti netijesinde gysga döwürde ata Watanymyz ykdysadyýetde, saglygy goraýyşda, durmuş we beýleki ugurlarda ägirt uly üstünlikler gazandy hem-de ýurdumyzyň halkara abraýy has-da ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp ýörelgäniň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny görýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly maksatnamalar, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler her bir ynsanyň we tutuş jemgyýetiň bähbidini göz öňünde tutýar.

Ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine uly orun berilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmek ýaly möhüm meselä aýratyn ähmiýet berilýär. Ekin meýdanlarynyň şorlaşmagynyň öňüni almakda, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, suw serişdelerini tygşytly ulanmakda, ekin dolanyşygynda amala aşyrylýan işler dünýä we ýerli tejribeleri ornaşdyrmak arkaly ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalyk pudagynda uly ösüşler, ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Oba hojalyk toplumynyň maddy-tehniki binýady düýpgöter özgerdi, täze önümçilik gatnaşyklary emele geldi we ýeriň hakyky eýeleri ýetişdi.

Ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribeleri önümçilige ornaşdyrmakda, şeýle hem daýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda düýpli özgertmeler amala aşyryldy.

Daşky gurşawy goramak meselesinde hem ýurdumyzda nusgalyk işler dowam etdirilýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde yzygiderli işler alnyp barylýar.

Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolan döwrüniň içinde daşary syýasatda hem dünýä ähmiýetli işler amala aşyryldy. Daşary syýasatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesinden ugur almak bilen, döwletimiziň parahatçylygy, dost-doganlygy, özara bähbitliligi öňe sürýän ýurt hökmünde has-da meşhurlyk gazanmagyna gönükdirilen işler amala aşyrylýar.

Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň saýlap alan ýoluny yzygiderli dowam etmek bilen, zerur bolan halatynda dünýä halklaryna hemişe kömek-goldaw bermäge taýýardygyny mydama mälim edýär we ony anyk işlerde durmuşa geçirýär. Dünýäniň köp ýurtlary bilen alnyp barylýan hoşniýetli diplomatik gatnaşyklar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Geljekde hem bu meseleler öz ösüşiniň beýanyny tapar.

Ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatda adamlaryň bolelin durmuşy möhüm orun eýeleýär. Ilata berilýän ýeňillikler raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga uly ýardam edýär. Raýatlaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da ýokarlandyrmak barada ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalar ählihalk tarapyndan uly goldaw tapýar.

Türkmeniň mukaddes ýol-ýörelgelerinden gözbaş alýan milli demokratiýamyzyň has-da kämilleşmegine, jemgyýetimiziň jebisligine, ruhy gymmatlyklarymyza daýanmak bilen, halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny has-da berkitmäge, mähriban Watanymyzda durnuklylygy, parahatçylygy, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň agzybirligini saklamaga gönükdirilen işleri durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalar edilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda obalary ösdürmek möhüm mesele bolup durýar. Oba ýerlerinde ýollary abatlamaga, ilat üçin ähli şertleri ýokarlandyrmaklyga aýratyn üns berilýär.

Obada ýaşaýan we zähmet çekýän her bir maşgalany, şol sanda ýaş maşgalalary alada bilen gurşap almak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýaş çagaly eneleriň, çagalaryň saglygy hakynda hem-de ekleýjisini ýitiren, kömege mätäç adamlara, tutuş ýaşuly nesliň wekillerine kömek etmek, olaryň maşgalalary baradaky alada aýratyn üns berler. Her bir işde pähim-parasatly gojalarymyza maslahat salnyp, olar bilen geňeşilip, iş tutular.

Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan ahalteke atlarynyň gadymy nusgalaryny gorap saklamak, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şöhratyny has-da belende galdyrmak, türkmen atçylyk sportuny halkara derejelere laýyklykda ösdürmek barada ähli tagallalar ediler.

Ýurdumyzyň gurluşyk toplumynyň işiniň güýçli depginler bilen ösdürilmegi gazanylar we sebitlerde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy üstünlikli dowam etdiriler. Ýurdumyzyň içindäki awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň çalt depginler bilen alnyp barylmagy, şol sanda halkara ülňülere laýyk derejede bolmagy gazanylar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagaty pudagy milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynyň birine öwrüldi. Geljekde hem dokma toplumyna aýratyn ähmiýet berlip, bu pudagyň hereket edýän kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy üpjün ediler. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze fabrikleriň gurlup ulanmaga berilmegi we öň bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi göz öňünde tutular.

«Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygara ýugrulan, oýlanyşykly alnyp barylýan döwlet syýasatymyz mähriban halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdiriler. Halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, pensiýa, kömek pullarynyň, zähmet we talyp haklarynyň möçberleri ýyl-ýyldan ýokarlandyrylar.

Ýaş nesil baradaky alada hem elmydama ýurdumyzyň baş aladasy bolmagynda galar. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn ruhly, berk bedenli bolmaklary barada ýurdumyzda kabul edilen kararlardyr kanunlary has-da kämilleşdirmek, kabul edilýän maksatnamalary, amala aşyrylýan döwrebap özgertmeleri mynasyp ýerine ýetirmek we mundan beýläk hem dowam etdirmek biziň baş maksadymyz bolar.

Ýurdumyzyň sport, saglyk we syýahatçylyk ulgamlary düýpgöter täze keşbe girýär, bu işler bilen bilelikde gojaman Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda syýahatçylyk zolagynyň ösdürilmegi mundan beýläk hem ýokary depginlerde dowam etdiriler.

Ata Watanymyzy mundan beýläk-de has-da ösdürmek, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, Türkmenistanyň halkara derejedäki abraýyny artdyrmak üçin zähmetsöýer, agzybir halkymyz bilen bilelikde özümiň ähli bilimimi, tejribämi, gujur-gaýratymy gaýgyrman, ak ýürekden zähmet çekjekdigime sizi ynandyrýaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar