Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bulut maglumat saklawhanalary näme we olar nähili işleýär

0
26115

Bulut saklawhanalary, internet ulanyjylary üçin hususy maglumatlaryny esasy maglumat göterijiler bolan  kompýuterlerden ýa-da smartfonlardan uzakda saklamak üçin döredilen onlaýn serwerlerdir.

Bulut saklawhanalaryna çäklendirilmedik mukdarda, hatda iň uly göwrümli gaty disklere ýerleşdirip boljak mukdardan hem köp maglumat ýükläp bolýar. Fiziki maglumat göteriji serişdeleri döwülmäge ýa-da ýitmäge, şeýle-de könelmäge ukyplydyrlar. Emma bu aýdylanlaryň hemmesi wirtual bulut maglumat saklawhanalaryna degişli bolmaýar.

Bu saklawhanalar, gözegçilik kameralarynyň ýazgylary, telewizion we radio gepleşikleriň arhiwleri we şuňa meňzeş  maglumat göterijide köp ýer tutýan, geljekde gerek bolup biljek maglumatlary saklamak üçin iň amatly ýerlerdir.

Eýsem, bulut saklawhanalaryny nädip ulanmaly? Munuň üçin kompýutere ýa-da smartfona maglumatlary bulut saklawhanlaryna geçirjek ýörite programma ýüklenilýär. Soňra saklawhanada hasaba durmak gerek bolýar. Enjamyň saklawhana bilen sinhronlaşmagyndan soň,  bulutdaky maglumatlar onlaýn enjamlaryň hemmesinden size elýeterli bolar.

Bulut saklawhanasyny ulanmak üçin bökdençsiz işleýän internediň bolmagy zerurdyr, mundan başgada göwrümi uly bolan gaty agyr faýllar  onuň işini haýýalladyp bilýär. Bulut saklawhanalaryň esasy kemçilikleriniň biride, haker hüjümlerine garşy goragynyň gowşak bolmagydyr.   

Bulut maglumat saklawhanalaryň birnäçe görnüşleri bolýar.

Faýl saklawhanalary. Saklawhanalaryň bu görnüşi ulanyjylaryň içinde meşhurlyga eýedir. Bu ýerde maglumatlar iýerarhik görnüşde ýerleşýärler, ýagny olar bukjalara, kataloglara, podkataloglara  birikýärler.

Olar ulanmak üçin ýönekeý hem rahat, emma şol bir wagtyň özünde-de maglumat göwrüminiň ulalmagy olaryň işini haýalladyp bilýär. Faýl saklawhanalary, adatça 10 GB çenli maglumatlary saklamak üçin niýetlenilendirler. Iň meşhur faýl saklawhanalary hökmünde «Yandex Disk», «Google Disk», «Dropbox», «Cloud Mail.ru» saklawhanalaryny görkezmek bolar.  

Blok saklawhanalary. Bu ýerde saklanylýan maglumatlar her birine kesgitleýji degişli edilýän aýry-aýry deňölçegli massiwler bolan - bloklara bölünýärler. Zerur bolan ýagdaýynda ulgam faýllary bir ýere ýygnap bilýär. Edil faýl saklawhanalarynda bolşy ýaly bularyň hem ýat göwrümi çäkli bolýar. Saklawhanalaryň bu görnüşi esasan hem edaralaryň maglumat bazalaryny saklamak üçin amatlydyr.  Blok saklawhanalaryna mysal hökmünde Amazon Elastic Block Storage saklawhanasyny görkezmek bolar.

Obýekt saklawhanalary. Bular hem faýl saklawhanalary ýaly ulanyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýedirler. Obýekt saklawhanalary - 128 bitli san görnüşindäki kesgitleýjelere eýe köpsanly obýektler bilen doldurylan giňişlik bolup durýarlar. Bu kesgitleýjini bilip, şeýle saklawhanadaky zerur bolan faýly tapyp bolýar. Faýlyň metamaglumatlary - oňa degişli bütin maglumaty, ýagny onuň adyny, ölçegini, koordinatlaryny we ş.m. saklaýarlar. Obýekt saklawhanalary media faýllar, arhiwler, statistika we hasabat faýllary, programmalar, ulgamy dikeltmek üçin faýllar  ýaly ýeterilik derejede uly göwrümli maglumatlary saklamaga mümkinçilik berýär.  Şunuň ýaly saklawhanalary ulanmak üçin ýörite programma interfeýsini –API ulanmak zerur bolýar. Amazon Simple Storage Service saklawhanasy şunuň ýaly saklawhanalara aýdyň mysal bolup biler.

Häzirki wagtda adam durmuşynyň ähli ugurlarynyň kompýuterleşdirilmegi, köp mukdarda maglumatlary saklamagyň has kämil we ygtybarly usullaryny gözlemäge mejbur edýär. Fleş ýatlary hem-de gaty diskler, esasanam hem köp mukdarda maglumatlary saklamak üçin çäkli mümkinçiliklere eýedirler, bulut saklawhanalarynyň bolsa bu nukdaýnazardan mümkinçilikleri çäksiz bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar