Ýalňyşmak ähli adamlara mahsus ýagdaý, şol sanda ýolbaşçylara-da. Ýolbaşçylygyň ownuk-uşak ýalňyşlyklary, adatça, uly bir ýaramaz ýitgilere getirenok, olar öz-özünden düzelip gidýär, ýöne ýolbaşçynyň kompaniýasy ýa-da guramasy üçin gaty gymmada düşjek ýagdaýlar hem bolup bilýär.
Kynyndan kyny. Köp ýolbaşçylar totalitar liderlik ýörelgesini iň täsirli usul hasaplaýarlar. Käbir nukdaýnazardan bu dogry, topar belli bir düzgün-tertibe eýermeli, ýöne muňa borçly işçileriň işine gözegçilik etmek umumy gözegçilige öwrülende, her bir ownuk kemçilik üçin jerime ýa-da esassyz, kä ýagdaýda kyn bolan talaplar hem-de kemsidiji sözler ýüze çykyp bilýär. Beýle ýagdaýda zähmetkeş köpçülige “käýinmek” olary uzak işletmez. Işgärleriň dolanyşygy başlanýar, şondanam kompaniýanyň edýän işiniň hiline zyýan ýetýär. Munuň ýaly ýolbaşçylar, adatça, özlerini beýlekilerden has başarnykly we has akylly hasaplap, hiç kime gulak asmaýarlar.
Munuň tersine, aşa ýumşak häsiýetli bolup, işgärler üçin “olaryňkylyk” bolmagam gowy netijä getirmeýär. Jogapkärsizlik duýgusy hatda iň tertibe laýyk işleýän işçileri hem arkaýynlaşdyryp biler.
Başarnyksyzlyk we işiňi bilmezlik. Islendik dolandyryjy hatda başga kärden gelen bolanda-da kompaniýasynyň alyp barýan işiniň ähli girim-çykymyna, çylşyrymlylygyna düşünmäge borçludyr. Hassahanany hiç hili lukmançylyk taýdan bilimi bolmadyk, hassahanada bir günem işlemedik, hatda tejribe işindenem başy çykmaýan adam asla dolandyryp bilmez. Ýa bolmasa, atom elektrik stansiýasynyň desgasyna jübüsinde ýadro fizika hünärinden diplomy bolmadyk kişi nädip dolandyrsyn?! Öz işiniň çylşyrymly taraplaryny we ugurlaryny bilmän, işçileriniň öňünde bitirip bolmajak tabşyryklary goýýan başlyk edarasynyň işine zyýandan başga zat getirmez.
Işgärlere käbir ygtyýarlyklary berip bilmezlik. Şeýle ýagdaýda kompaniýadaky her bir ownuk zat üçin ýolbaşçy jogapkärçiligi doly öz üstüne alýar. Sowatly ýolbaşçy hemişe iň möhüm wezipeleri ynanyp boljak kömekçi tapynyp, özi bolsa has wajyp işleri edýär. Ýogsam, ýolbaşçy ownuk zatlara üns bermek bilen çynlakaý ýerine ýetirmeli işleri soňa goýýar. Mundan başga-da, hemme zat üçin şeýle ýokary jogapkärçiligi özüň çekmek, köplenç ýadawlyga, dowamly ýadawlyk sindromyna, hatda kesellere hem sebäp bolýar.
Başarjaň işçiler üçin ösüş ýollarynyň bolmazlygy. Kompaniýanyň ýa-da guramanyň hakykatdanam “ýüküni çekýän” adamlara baha bermeýän başlyklar gowy hünärmenleriň karýerasy boýunça has geljegi uly ýer gözlemek üçin gitjekdiklerini bilýärler. Işini bilýän we uzak wagtlap birkemsiz işleýänler üçin maliýe we iş höweslendirmeleri umumy işe peýdaly täsir edýän şeýle gymmatly işgärleri ýerinde saklap biler.
Öz borçlaryňy ýerine ýetirmezlik. Köplenç başlyklar täze işgäri işe çagyranda iş şertlerini we oňat hak tölemegi wada berýärler, täze gelen adam işe başlanyndan soň bolsa, bu düzgünlere derrew onuň peýdasyndan üzňe gaýtadan seredilýär. Ýa bolmasa-da, tamamlanan çylşyrymly we möhüm taslama üçin “mahabatlandyrma” wadasy boş söz düzümine öwrülýär oturyberýär. Bularyň ählisi şeýle dolandyryjylaryň elinde işgärleriň uzak durmazlygyna getirýär.
Täzeçillige eýermek isleginiň bolmazlygy. Durmuş tiz özgerýär, bu täzeleniş hakykatyny kabul edip bilmeýän hem-de kompaniýanyň işini şoňa görä ýola goýmagy başarmaýan ýolbaşçylar hatda ýeterlik derejede ösen kärhanany-da togtadyp bilerler. Mysal üçin, çäklendirme şertlerinde uzak aralykdan işleri paýlap bermek, harytlary ýa-da hyzmatlary öýe eltip bermek we ş.m. Lideriň şeýle ýagdaýda goýberip biljek iň uly ýalňyşlygy: “Muny hiç haçan etmedik we etmeris” ýa-da “Hemme zat kadalaşýança garaşmaly bolarys” diýmegidir. Bu şowsuzlyga eltýän ýol. Bu şowsuzlyga eltýän “dogry” ýoldur. Ýolbaşçy diňe bir golastyndaky işgärlerden durmuşyň täze talaplaryny öwrenmegi talap etmeli däl, eýsem onuň özi-de öwrenmeli, haýsydyr bir zady bilmeýänligini aýtmaga utanmaly däl.
Sulhuň alýanlary we ýekirilýänler. Topardan kimdir biri lidere (ýa-da tersine) az-kem rehimsiz çemeleşse-de, köpçüligiň öňünde muny aýtmak we antipatiýalaryny belläp geçmek gowy usul däldir. Bu toparda bölünişige, gybat we gep-gürrüňe sebäp bolup biler. Haçan-da, “sulhuň alýanlary” çynlakaý ýalňyşlyklary goýberseler we munuň üçin hiç hili jogapkärçilik çekilmese, bu diňe bir toparyň işine däl-de, eýsem kompaniýanyň işine hem zyýanyny ýetirip biler. Beýleki bir tarapdan, ownuk ýalňyşlyklar üçinem “ýekirlenler” bagyşlanmaýar. Bu usul toparda näsaz gatnaşyklaryň ösmegine getirýär. Gadagan edilýän zatlar we düzgünler gürrüňsiz ähli işgärlere-de degişli bolmalydyr.
Jogapkärçilikden gorkmak. Karar bermek üçin edýän işiňize düşünmeli we saýlan netijäňizi anyk bilmeli. Karar bermekde gijä galmak kompaniýa çynlakaý zarba urup biler (munda hüşgär bäsdeşleri-de ýatdan çykarmaly däl) ýa-da gol astyndakylaryň öňünde başlyklaryň abraýyny peseldip biler (gaty uzak pikirlenýän we işindäki ýüze çykýan ýagdaýlardan her ädimde gorkýan başlyk bilen işleşmek kyndyr). Elbetde, her ädim hakda pikirlenmän netijä gelmek dogry däl, ýöne möhüm wagty netije çykarmakdan gorkup ýörmegem erbet zat.
Täze iş başyna geçen ýolbaşçylar belli bir derejede ýokardaky ýalňyşlyklaryň köpüsini goýberýärler. Bu ýalňyşlyklar bilen göreşip bolýar, göreşmelem, onuň netijesinde soňlugy bilen tejribe toplanylýar. Esasy zat, özüňi hemme zat babatda bilimli hasaplamagyň ýalňyşdygyna düşünmek hem-de ýalňyşlaryň esasynda öwrenmekden gorkmazlykdyr.