Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat — türkmen alymlarynyň bagt şäheri

0
3420

Gözel paýtagtymyz Aşgabat öz şöhratly taryhynyň ähli döwürlerinde türkmen alymlarynyň bagt şäheri bolup, hyzmat edipdir. Çünki, bu ajaýyp şäher alymlara işlemeklik üçin örän amatly şäher bolupdyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, Aşgabat şäheri esaslandyrylan senesinden bäri ençeme türkmen alymlary ýurdumyzyň halk hojalygynyň, oba hojalygynyň, medeniýetiniň dürli ugurlary boýunça ylmy açyşlar edip, egsilmez bagtyň eýesi bolupdyrlar. Muňa gözel paýtagtymyzyň taryha altyn harplar bilen ýazylan 140 ýyllyk şöhratly geçmişine ser salamyzda anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar.

1898-nji ýylda Aşgabatda ilkinji ylmy edara —  oba-hojalyk ylmy-tejribe meýdany  döredilipdir.  Bu ylmy edarada ýokary hilli we örän köp hasyl almaklyk ugrunda ylmy-barlaglar geçirilipdir. 1903-nji ýylda Aşgabatda arheologiýa höwesjeňleriniň ylmy gurnagy açylypdyr. Bu ylmy gurnakda gadymy ýadygärlikleri has-da jikme-jik öwrenmäge synanyşyk edilipdir. 1925-nji ýylda Aşgabatda Döwlet alymlar geňeşi we Türkmenistan ylmy-barlag instituty döredilipdir. Bu institut türkmen dil bilimi we edebiýaty öwreniş ylymlary boýunça derňew işlerini alyp barmagyň başyny başlan ilkinji ylmy-barlag edarasy bolupdyr.

1927-nji ýylda Döwlet alymlar sowetiniň, Türkmenistan ylmy-barlag institutynyň hem-de Taryhy we ülkäni öwreniş komitetiniň binýadynda Türkmen medeniýeti (Turkmenkult) instituty döredilipdir. Bu institutda ylmyň dürli ugurlary boýunça 10 sany bölüm işläpdir. Türkmen medeniýeti (Turkmenkult) institutynda esasan, tеbigaty öwrеniş wе ynsanperwer (gumanitar) ylmlaryna has uly ähmiýеt bеrlipdir.1929-njy ýylda Türkmen medeniýet institutynyň ýanynda arheologiýa bölümi döredilipdir. Bu bölümiň işine aşgabatly arheologlar çagyrylypdyr.  Türkmen medeniýeti (Turkmenkult) instituty şol döwürde «Turkmеnowеdеniýе» («Türkmеnistany öwrеniş») žurnalyny nеşir edipdir. 1928-1932-nji ýyllarda 56 sany nеşir edilеn bu žurnalda türkmеn dilinе wе edеbiýatyna, taryhyna wе etnografiýasyna dеgişli kän sanly makalalar bolupdyr. 1932-nji ýylda Türkmen medeniýeti instituty üýtgedilip, Türkmen döwlet ylmy-barlag instituty döredilipdir. Bu institutda taryh, dil-edebiýat we sungat bölüpleri bolupdyr. 1935-nji ýylda Türkmen döwlet ylmy-barlag institutynyň binýadynda  özbaşdak Türkmen döwlet ylmy-barlag dil we edebiýat instituty döredilipdir.

1929-njy ýylda Aşgabatda Epidemiologiýa we gigiýena ylmy-barlag instituty döredilipdir. 1955-nji ýylda Türkmenistan Gyzdyrma keselleri instituty Epidemiologiýa we gigiýena ylmy-barlag instituty bilen birikdirilip, oňa Aşgabadyň  Epidemiologiýa we mikrobiologiýa ylmy-barlag instituty diýip, at berilipdir. 1956-njy ýylda bu institut  Aşgabadyň  Epidemiologiýa we gigiýena ylmy-barlag instituty diýlip atlandyrylypdyr. Paýtagtymyzda TSSR-iň Saglygy saklaýyş ministrligine degişli Deri keselleri ylmy-barlag instituty 1932-nji ýylda döredilipdir. Bu institut deri we wenerik kesellerini bejermegiň amatly görnüşlerini we usullaryny öwrenýän ylmy-barlag edarasydyr. Aşgabat şäherinde 1932-nji ýylda Göz keselleri ylmy-barlag instituty Türkmenistanyň Trahomatoz ylmy-barlag instituty ady bilen döredilipdir. Bu institutyň ady 1965-nji ýylyň 11-nji awgustynda üýtgedilip, oňa Türkmenistanyň Göz keselleri ylmy-barlag instituty diýlip at berilipdir.

Aşgabatdaky Newrologiýa we fizioterapiýa ylmy-barlag instituty 1927-nji ýylyň 1-nji noýabrynda fiziki metodlar bilen kesel bejeriş türkmen döwlet instituty ady bilen işläp başlapdyr. Bu institut 1933-nji ýylda Türkmenistanyň newrologiýa we  fizioterapiýa ylmy-barlag institutyna öwrülipdir. Institutyň ady 1965-1968-nji ýyllarda-da  üýtgedilip, ol Türkmenistanyň Klimatologiýa, kurortologiýa we fiziki metodlar bilen kesel bejeriş ylmy-barlag instituty diýlip atlandyrylypdyr. 1969-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan oňa ýene Türkmenistanyň newrologiýa we  fizioterapiýa ylmy-barlag instituty diýen öňki ady dakylypdyr.

1937-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň Ylym baradaky döwlet komiteti döredilipdir. Bu komitet döredilýänçä Aşgabatdaky ylmy-barlag edaralar biri-birinden üzňe iş alyp barypdyrlar. Türkmenistanyň Ylym baradaky döwlet komiteti ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy barlaglaryň ählisini utgaşdyrmaga girişen ilkinji merkezi ylmy edara boldy. Bu komitetiň alyp baran işleri SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan şahamçasynyň (filialynyň) döredilmegi üçin esas bolupdyr. Aşgabatda SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan şahamçasy (filialy)  1941-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda açylypdyr. Bu şahamçanyň (filialyň) açylmagy şol döwürde ýurdumyzda ylmyň, şol sanda ykdysady ylmyň ösmeginde uly waka bolypdyr. Aşgabatda 1941-nji ýylda SSSR-iň YA-nyň Türkmenistan şahamçasynyň (filialynyň) düzüminde Geologiýa instituty döredilipdir. Bu institut  1951-nji ýylda TSSR-iň YA-nyň düzümine girizilip, Türkmenistanyň  geologik-barlag instituty diýlip atlandyrylypdyr.Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Fizik-tehnika instituty 1944-nji ýylyň iýul aýynda döredilipdir. Bu institut şol döwürde  SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan şahamçasynyň (filialynyň) fizika, matematika, tehnika ugurlaryna degişli ylmy-barlag işlerini geçirýän edarasy bolupdyr.

1951-nji ýylyň 29-njy iýunda SSSR Ylymlar akademiýasynyň Aşgabatdaky Türkmenistan şahamçasynyň (filialynyň) binýadynda   TSSR-iň Ylymlar akademiýasy açyldy. TSSR YA-nyň açylmagy bilen birnäçe ylmy edaralar döredildi. Magtymguly adyndaky dil we edebiýat instituty TSSR-iň YA-nyň düzümine girýän ylmy-barlag edarasy bolup, 1951-nji ýylda SSSR-iň YA-synyň Türkmenistan şahamçasynyň Taryh, dil we edebiýat institutynyň esasynda döredildi.Taryh instituty  Türkmenistanyň we türkmen halkynyň taryhyny öwrenýän ylmy-barlag edara bolup, ol  1951-nji ýylyň iýulynda SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan şahamçasynyň (filialynyň) taryh bölüminiň binýadynda döredilipdir. Ýurdumyzyň baş şäherinde  Seýsmikä çydamly gurluşyk instituty TSSR-iň YA-nyň fizika-tehniki institutynda 1948-nji ýylda döredilen gurluşyk bölüminiň esasynda açyldy.

1951-nji ýylda bu bölüm Seýsmikä çydamly gurluşyk institutyna öwrüldi.Türkmenistanyň ekerançylyk ylmy-barlag instituty 1951-nji ýylda  TSSR-iň  YA-nyň Botanika-ösümlikçilik institutynyň ösümlikçilik bölüminiň esasynda döredilipdir. Bu institut 1956-njy ýylda TSSR-iň Oba hojalyk ministrliginiň ygtyýaryna berilipdir. Institut 1968-nji ýyla çenli Aşgabat şäherinde ýerleşipdir. 1968-nji ýylyň awgust aýynda Änew şäherine göçürilipdir.

TSSR YA-nyň «Ylym» neşirýaty 1952-nji ýylyň fewralynda Aşgabat şäherinde döredildi. Bu neşirýat iki gezek üýtgedilip guraldy. 1964-nji ýylyň ýanwarynda ol ýapylyp, onuň işini «Türkmenistan»  neşirýatynyň ylmy kitaplar redaksiýasy ýerine ýetirdi. 1966-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda TSSR-iň YA-synyň «Ylym» neşirýaty gaýtadan döredildi.

1954-nji ýylyň 1-nji awgustynda paýtagtymyz Aşgabatda Pedagogik ylymlarypň ylmy-barlag merkezi döredilipdir. Bu merkez mekdep pedagogikasyna, psihologiýasyna we mekdeplerde öwredilýän dürli sapaklary okatmaklygyň usulyýetine degişli ylmy barlaglary alyp barypdyr. Pedagogik ylymlarypň ylmy-barlag merkezi 1965-nji ýyla çenli «Mekdepler ylmy-barlag instituty» diýlip atlandyrylypdyr. 1965-njy ýylyň 11-nji awgustyndan başlap bolsa ol «Pedagogik ylymlarypň ylmy-barlag merkezi» diýlip atlandyrylypdyr.

Paýtagtymyz Aşgabatda 1956-njy ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň gidrotehnika we meliorasiýa ylmy-barlag instituty döredilipdir. Bu institut suwarymly ýerleriň şorlaşmagyna garşy garşy göreşmek üçin  inženerçilik çäreleriň ulgamyny geçirmek, meliorasiýa geçirilýän ýerleriň we melioratiw  fondlaryň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak metodlary boýunça ylmy işleri alyp barypdyr. 1956-njy ýylda Aşgabatda Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-barlag instituty döredilipdir. TSSR-iň YA-nyň Maldarçylyk institutynyň (1951) we Respublikan weterinariýa tejribe  stansiýasynyň (1932) birleşdirilmegi esasynda döredilipdir. Institut Türkmenistanda maldarçylyk we weterinariýa meseleleri bilen meşgullanýan ylmy-barlag edarasy bolupdyr. TSSR-iň YA-nyň Ykdysadyýet instituty 1957-nji ýylda TSSR YA-nyň Prezidiumynyň ýanyndaky Ykdysadyýet bölüminiň bazasynda döredilipdir.

1957-nji ýylyň mart aýynda Aşgabat şäherinde Zoologiýa instituty döredilipdir. Bu institut haýwanat dünýäsiniň peýdaly we zyýanly wekilleriniň bioekologik, morfo-fiziologik, biohimiki aýratynlyklaryny, olaryň ýaýraýşynyň kanunalaýyklyklaryny we emele gelşini öwrenýän ylmy-barlag edarasy bolupdyr.

Paýtagtymyz Aşgabatda 1962-nji ýylda  Çöller instituty döredilipdir. Bu institut özüniň esasy ugry boýunça SSSR-de ýeke-täk we dünýäde az sanly institutlaryň biri bolupdyr. 1962-nji ýylyň ýanwarynda Aşgabatdaky respublikan inçekel dispanseriniň binýadynda Türkmenistanyň Inçekesel ylmy-barlag instituty döredilipdir. Bu institut inçekeseli bejermek we onuň öňüni almak bilen meşgullanýan ylmy-barlag edarasy bolupdyr. Paýtagtymyz Aşgabatda 1962-nji ýylda Arid zonasynyň fiziologiýa we eksperimental patologiýa instituty döredilipdir. Bu institut TSSR YA-nyň Zoologiýa institutynyň haýwanlaryň fiziologiýasy bölüminiň esasynda döredilipdir. Arid zonasynyň fiziologiýa we eksperimental patologiýa instituty şol döwürde adamlaryň we haýwanlaryň arid şertlerine uýgunlaşyşynyň fiziologik mehanizmlerini öwrenýän ylmy-barlag edarasy bolupdyr.

Aşgabat şäherinde Onkologiýa ylmy-barlag merkezi 1963-nji ýylda döredilipdir.   TSSR-iň Döwlet plan komitetiniň (gosplanyň) respublikan ylmy-tehniki informasiýa we propaganda instituty 1965-nji ýylda Aşgabat şäherinde döredilipdir. Ýurdumyzyň merkezi şäherinde Ýer we atmosfera fizikasy instituty 1965-nji ýylyň 1-nji iýulynda döredilipdir. Bu institut TSSR-iň YA-nyň 1959-njy ýylda döredilen Geofizika we seýsmologiýa bölüminiň esasynda döredilipdir. Ýer we atmosfera fizikasy instituty şol döwürde TSSR-iň YA-nyň Ýeriň fizikasynyň öwrenýän ylmy-barlag edarasy bolupdyr.  

1966-njy ýylda Aşgabatda halkyň sarp edýän harytlaryna ilatyň bildirýän islegini we söwda ulgamyny öwrenýän Bütinsoýuz ylmy-barlag institutynyň Türkmenistan şahamçasy döredilipdir.

Aşgabat şäherinde 1957-nji ýylda TSSR-iň YA-nyň Prezidumynyň ýanyndaky Himiýa bölüminiň esasynda Himiýa instituty döredilipdir. Bu institutyň esasy ylmy ugry ýurdumyzyň himiki çig mal çeşmelerini öwrenip, olary halk hojalygynda netijeli peýdalanmagyň ýollaryny işläp düzmekden ybarat bolupdyr.

Aşgabatda 1972-nji ýylda Türkmenistanyň topragy öwreniş ylmy-barlag instituty döredilipdir. Bu institutyň esasy ugry ekilýän we özleşdirmäge degişli ýer fondlaryny ylmy taýdan öwrenip, olara baha bermekden, ylmy taýdan esaslandyrylan iri masştably agrotoprak kartalaryny hem-de agrohimiki kartogrammalary düzmekden ybarat bolupdyr. Oba hojalygynyň ykdysadyýeti baradaky Türkmenistan ylmy-barlag instituty 1972-nji ýylyň sentýabrynda döredilipdir. Bu institutyň döredilmegi bilen Türkmenistanda agrar ykdysady ylym has aýdyň häsiýete eýe bolup başlapdyr. Alymlar özleriniň ylmy barlaglaryny oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini mundan beýläkde ýokarlandyrmagyň ýollaryny gözlemäge gönükdiripdirler.   

Döwlet Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyz bilen milli ylmy-barlag edaralary hem düýpli özgertmeleri başdan geçirdi. Ýurdumyzda ylmy barlaglary netijeli alyp barmagyň guramaçylyk görnüşlerini synap görmek maksady bilen, paýtagtymyz Aşgabatda 1991-nji ýylda Oba hojalyk ylymlar akademiýasy, 1992-nji ýylda bolsa Medisina ylymlar akademiýasy döredildi. Paýtagtymyz Aşgabatda 1993-nji ýylda  Milli golýazmalar instituty, 1996-njy ýylda Tűrkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky demokratiýa we adam hukuklary barada tűrkmen milli instituty, 2004-nji ýylda Milli medeniýet «Miras» merkezi döredildi.

Paýtagtymyz Aşgabatda 1993-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeş döredildi. Bu Geňeşiň üstüne ýurtda ylmyň we tehnikanyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, ylmy-tehniki progresiň iň netijeli maksatnamalaryny saýlap almagyň düzgünnamasyny işläp taýýarlamak, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek wezipesi ýüklenildi. Ylmy-barlaglaryň döwrüň talabyndan yza galýandygy bellenip,1996-njy ýylda Oba hojalyk ylymlar akademiýasy, 1997-nji ýylda bolsa Medisina ylymlar akademiýasy hem ýatyryldy.

1998-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy aýtyrylýar. Onuň  Merkezi ylmy kitaphanasy we ynsanperwer ylymlary boýunça institutlary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň garamagynda galdyrylyp, beýleki ylmy-barlag institutlary ugurdaş ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň garamagyna berildi. Institutlaryň birnäçesi birleşdirildi, birnäçesi bolsa ýatyryldy. Olaryň esasynda täze ylmy-barlag institutlary ýa-da ylmy merkezler döredildi.

2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy gaýtadan dikeldildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiň innowasion ösüşini mundan beýläk-de tizleşdirmek, ylmy we inženerçilik işini ýokary depginde ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ygtyýaryna täze döredilen «Gün» instituty, Seýsmologiýa instituty, Seýsmologiýa döwlet gullugy, Botanika instituty, Fizika-matematika instituty, Arheologiýa we etnografiýa instituty berildi. Öňden işläp gelýän institutlardan hem Milli golýazmalar instituty, Taryh instituty, Dil we edebiýat instituty, Derman ösümlikleri instituty, Himiýa instituty Akademiýanyň garamagyna berildi.

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, pudaklaýyn tabynlygyna garamazdan, Türkmenistanyň ylmy-barlag edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy işini düzgünleşdirýär we oňa gözegçilik edýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagynda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça düýpli we amaly ylmy barlaglary ýerine ýetirýän 5 sany ylmy institut bar:

  1. Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty.
  2. Taryh we arheologiýa instituty.
  3. Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty.
  4. Himiýa instituty.
  5. Tehnologiýalar merkezi.

Şeýle hem, Ylymlar akademiýasynyň düzüminde: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Merkezi ylmy kitaphana, «Ylym» neşirýaty we «Ylym» çaphanasy bar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy «Türkmenistanda ylym we tehnika» žurnalyny neşir edýär.

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Peýdalanylan edebiýatlar:

  1. Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. «Ylym» neşirýaty. 1992.
  2. T. Sahydow, G. Musaýew. Türkmenistanyň medeniýetiniň taryhy. Ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. Aşgabat, 2010.
  3. S.Jumaýew. Türkmenistanyň taryhy. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň taryhdan başga hünärleri  üçin okuw kitaby, – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011.
  4. Türkmenistanyň ensiklopediýasy.VIII tom. «Ylym» neşirýaty. 1978.
  5. https://science.gov.tm/tm/about/
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar