Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat – türkmen sportynyň dörän şäheri

0
4834

 «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda» 140 ýaşaýan paýtagtymyz Aşgabat hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň netijesinde dünýäniň iri halkara sport merkezine öwrüldi. Taryhy nukdaýnazara esaslananyňda, türkmen sportynyň ýurdumyzyň çäginde ilkinji dörän şäheri hem paýtagtymyz Aşgabat şäheridir. 

Paýtagtymyz Aşgabatda 1925-nji ýylda «Dinamo» meýletin sport jemgyýetiniň Orta Aziýa ülke geňeşiniň ýerli şahamçasy döredilipdir.  1934-nji ýylyň noýabr aýynda «Dinamo” meýletin sport jemgyýetiniň Orta Aziýa ülke geňeşi ýatyrylypdyr. Şol ýyl Aşgabatda Türkmenistanyň «Dinamo» meýletin sport jemgyýetiniň Respublikan geňeşi döredilipdir. Ýurdumyzyň «Dinamo» meýletin sport jemgyýetiniň agzasy bolup, paýtagtymyz Aşgabatda zähmet çekenTürkmenistanyň at gazanan sport ussatlarynyň birnäçesi 1938-nji ýylyň 24-nji iýulynda Moskwada Gyzyl ploşadda geçirilen Bütinsoýuz bedenterbiýe ýörişine gatnaşýar. Türkmenistanyň «Dinamo» meýletin sport jemgyýetiniň ýeňil atletikaçylary  paýtagtymyz Aşgabatda bolup geçen  döwlet spartakiadalara gatnaşyp, birinji orunlaryň ýedisini eýeledi.

«Zähmet» meýletin sport jemgyýeti 1957-nji ýylyň 27-nji dekabrynda döredildi. Bu jemgyýet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk bilen meşgullanmak isleýän işçileri, gullukçylary, olaryň maşgala agzalaryny hem-de okuwçylary birleşdiripdir. «Zähmet» meýletin sport jemgyýeti ilkinji döredilen ýyllarynda onuň agzalarynyň sany 10270 adamdy. Şolardan sport ussatlarynyň 8-si,  1-nji derejeli sportmenleriň  141-si, 2-nji derejeli sportmenleriň 38-si, 3-nji derejeli sportmenleriň 1370-si, 1-nji derejeli GTO nyşanyny alanlaryň 2152-si, 2-nji derejeli GTO nyşanyny alanlaryň 1069-sy bolan bolsa, 1975-nji ýylyň başyna çenli profsoýuzlaryň (kärdeşler arkalaşyklarynyň) bu sport jemgyýetiniň agzalarynyň  sany 102769 sany adama ýetdi. Şol ýylda sport ussatlarynyň, sport ussatlygyna dalaşgärleriň sany hem ep-esli artypdyr. 

Aşgabat şäherinde 1957-nji ýylda döredilen  we 1975-nji ýyla çenli 18388 agzasy bolan «Zähmet rezerwleri» sport jemgyýeti ýörite okuw jaýlarynyň okuwçylaryny we professional-tehniki bilim berýän orta hünär mekdepleriň okuwçylaryny bedenterbiýe we sport okuwlaryna çekmegi, sportmenleriň ussatlyklaryny ýokarlandyrmagy öz öňünde wezipe edip goýupdyr.

Paýtagtymyz Aşgabatda 1966-njy ýylda döredilen «Lokomatiw» meýletin sport jemgyýetiniň 19000 agzasy bolupdyr. Bu sport jemgyýeti öz hereket eden döwründe derejeli sportmenleriň 4275-sini, sport ussatlygyna dalaşgärleriň 132-sini taýýarlapdyr.  

1968-nji ýylyň 22-nji aprelinde  «Ýaşlyk»  sport jemgyýeti Aşgabat şäherinde döredilipdir. Bu jemgyýetiniň ýurdumyzyň halk magaryf ulgamynda bedenterbiýe we sport işlerini ýola goýmakda diýseň uly ähmiýeti bolupdyr.

Döwlet Garaşsyzlygymyza eýe bolup, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda esaslandyran häzirki ajaýyp zamanasyna – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gadam basmagymyz bilen paýtagtymyz Aşgabat bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga zerur bolan ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilen şäherine öwrüldi. Milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň baş şäherinde Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumy, 20 müň tomaşaça niýetlenen «Aşgabat» köpugurly stadiony hem-de beýleki sport desgalary gurlup ulanylmaga berildi bar.  Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi ýurdumyzyň täze sport belentliklerine ymtylmasynyň  aýdyň nyşanyna öwrüldi. Onuň düzüminde Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän  desgalaryň 30-dan gowragy bar. Şol desgalaryň hatarynda üsti ýapyk we açyk suw-sport toplumlary, welotrek, gimnastika, göreşiň ähli görnüşleri, agyr atletika, gylyçlaşmak, boks, bouling, badminton we stolyň üstünde oýnalýan tennis üçin ýapyk meýdançalar, üsti ýapyk tennis korty, paraolimpiýa merkezi, türgenleşik zallary, şeýle hem köpsanly desgalar bar. Bu ýerde ýaşaýyş binalaryny, medeni we söwda merkezlerini, myhmanhanalary, maglumatlar merkezini we beýleki desgalary özüne birleşdirýän zerur bolan düzüm döredildi.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesi ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmäge, bedenterbiýäni hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ähli tarapdan ösen nesli terbiýeläp ýetişdirmäge, ýokary derejeli türgenleri we halkara derejesindäki ýygyndy toparlary taýýarlamaga, Aşgabatda islendik derejedäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Baş şäherimizdäki Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň täze okuw jaýy  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurlup, ulanylmaga berildi. 1600 talyp üçin niýetlenen bu ýokary okuw mekdebi paýtagtymyzyň merkezi şaýollarynyň birini bezeýär. Täze ýöriteleşdirilen sport mekdebi hem onuň golaýynda ýerleşip, munda esasy wezipe geljekki sport ussatlaryny we çempionlaryny kemala getirmekden ybaratdyr. 350 orunlyk bu mekdepde terbiýelenýänler eýýäm halkara we dünýä ýaryşlarynda  üstünlikli çykyş edýärler.

2007-nji ýylda paýtagtymyzda 15 sany sport mekdebi gurlan bolsa, bu san 2012-nji ýylda 21-e ýetdi. Sport desgalary babatda aýdylanda bolsa, degişli döwürlerde gurlan  binalar 51 sany bolanlygyndan 69-a bardy.

Paýtagtymyz Aşgabat hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkara sport çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýurdumyzyň merkezi şäherinde 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda, «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» şygary astynda geçirilen iň uly we wekilçilikli Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary boldy. Onda türgenleriň 6000-den gowragy sportyň 21 görnüşi boýunça ýaryşdylar, bäsleşikleriň dowamynda dünýäniň 82 ýurdundan 550-den gowrak žurnalist işledi. Paýtagta 35 müňden gowrak daşary ýurtly myhmanlar gelip, olaryň arasynda döwlet ýolbaşçylary, hökümet we parlament ýolbaşçylary, onlarça döwletleriň ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de abraýly syýasy we jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdylar. «Aşgabat 2017–niň» aýratyn tarapy ol hem, 45 sany Aziýa döwletleri bilen bir hatarda Okeaniýanyň 19 döwletinden (dünýä döwletleriniň üçden biri)  we bosgunlaryň sport topary hem şeýle derejedäki bäsleşige ilkinji gezek gatnaşdylar.


Paýtagtymyz Aşgabatda 2018-nji ýylyň  1-10-njy noýabry aralygynda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Bu çempionatdan soň, paýtagtymyz Aşgabadyň hem-de hemişelik Bitarap Türkmenistanyň adynyň Ýer ýüzündäki meşhurlygy has-da artdy.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» atlandyrylan şu da  hem, paýtagtymyz Aşgabatda  trek welosporty boýunça dünýä çempionaty geçirilýär.
Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Peýdalanylan edebiýatlar:

1. Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. "Ylym" neşirýaty. 1992.
2.   S.Jumaýew. Türkmenistanyň taryhy. Orta we ýokary okuw mekdepleriniň taryhdan başga hünärleri  üçin okuw kitaby, – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011.
3. Aşgabat – Bagtyýarlyk döwrüniň şäheri. Fotoalbom. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar