Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nädip mugt web saýt döredip bolýar?

0
36959

Web saýt we onuň maksady.

Web saýt – sizi, edara-kärhanaňyzy, hödürleýän hyzmatlaryňyzy internet ulgamyna tanadýan, mahabatlandyrýan, alyp barýan işiňiz barada maglumat berýän elektron sahypalaryň toplumy. Web saýtyň dürli görnüşleri bolup bilýär: edara-kärhanaňyzy tanyşdyrýan web saýt, internet dükany, habarlar web saýty, ylym-bilim web saýty we ş.m.

Web saýtyň esasy maksady – sizi tanatmak, mahabatlandyrmak, maglumat bermek we ş.m.. Web saýt telekeçilikde marketing guraly hökmünde hem peýdalanylýar. Mysal üçin, önümçiligiňizi, hyzmatyňyzy internet auditoriýasyna giňden tanatmak.

Web saýty nädip döretmeli?

Web saýty üç usulda döretmek bolar: özüňiz tarapyndan, mugt ýasamak ýa-da web saýty taýýarlaýan bu ugurda ökde hünärmenlere (edara-kärhanalara) sargyt etmek arkaly.

1.Web saýty özüňiz taýýarlamak isleseňiz şol ugurda köpräk okamaly bolarsyňyz, usullaryny we tilsimlerini öwrenmeli bolarsyňyz. Belki-de programmirleme kurslaryna gatnamaly bolarsyňyz. Umuman, gyzykly iş, emma wagt kän talap edýär. 

2. Web saýty taýýarlamagyň aňsat usuly bolsa – mugt we taýýar gurallardan peýdalanmak. Bu usuldan islendik adam peýdalanyp biler, muny bilmek üçin programmirleme bilmek zerurlygy ýok. Mugt we taýýar gurallaryň esasysy – CMS. CMS (Content Management System) – web saýt taýýarlamak boýunça taýyn nusgalar (шаблон) ulgamy (programma üpjünçilik). CMS-de eýýäm ähli zat ýasalgy bolýar, siz üstünde biraz işläp, saýtyň bezegini we mazmunyny üýtgetmegiňiz ýetik. CMS-iň amatly taraplarynyň ýene-de biri – ony hem programmistler, hem adaty kompýuter ulanyjylary hem aňsatlyk bilen öwrenip bilýärler. Bular barada internetde edebiýatlar kän. CMS-lere mysal: Joomla!, Wordpress, Drupal, we ş.m.

Şeýle hem, internetdäki köp web saýtlar CMS ulgamlaryň üsti bilen taýýarlanýandygyny belläp geçmek dogry bolar.

Web saýt döretmekde mugt gurallardan, CMS-lerden peýdalanmagyň amatsyz taraplary: öz isleýşiň ýaly dizaýn edip bolanok, öz isleýşiň ýaly arasyna kod goşup ýa-da üýtgeşmeler edip bolanok, sebäbi olar eýýäm taýýar nusgada bolýar. Şeýle hem, olar mugt bolandygy sebäpli – käte saýtyňyzda olaryň mahabatlary, ýazgylary ýerleşdirilýär.

Elbetde, web saýty internet ulgamyna ýerleşdirmek üçin mugt hosting we mugt domen atlary hem bar. Olary tejribe üçin ulanyp görmek bolar. Emma, ýokarda belleýşimiz ýaly, mugt bolandygy sebäpli, olaryň mahabatlaryýerleşdirilýär, ýa bolmasa 2 ýa-da 3-nji derejeli domen atlary berilýär.

3. Web saýt taýýarlamagyň beýleki usuly bolsa, ony taýýarlaýan ökde hünärmenlere (edara-kärhanalara) sargyt etmek. Web saýt taýýarlamak boýunça ençeme edara-kärhanalar hyzmatlaryny hödürleýär, olaryň her biri öz ugrundan kämilleşen, bäsdeşlige ukyplydyr.

Web saýt taýýarlamak boýunça “Türkmenportal” hem öz hyzmatlaryny hödürleýär. Hyzmatlarymyz ýokary hilli we elýeter bolup, web saýt ylalaşylan möhletde, başdan soňuna çenli tejribeli hünärmenlerimiz tarapyndan taýýarlanylýar.

Web saýt taýýarlamak boýunça hyzmatlarymyzy ygtyýarnama esasynda ýerine ýetirýäris.

Web saýt sargyt etmek boýunça şu elektron poçta salgysyna ýüz tutup bilersiňiz: info@turkmenportal.com

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar