Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Taýlandyň toparyna garşy geçiriljek oýnuň öňüsyrasynda janköýerleriň goldawyna uly umyt baglaýandygyny mälim etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
«Men öňümde duran ähli jogapkärçilige düşünýärin. Biziň öňümizde örän kyn wezipe dur, ýöne biz onuň hötdesinden gelmek üçin aňrybaş tagallalary ederis» — diýip, Meredow nygtady. Ol milli ýygyndyda köp ýyllyk tejribe toplan ussat hünärmenlerden ybarat bolan kämil derejedäki tälimçiler ştabynyň döredilendigini we olaryň ählisiniň futbola bolan garaýyşlarynyň birmeňzeşdigini belledi.
Häzirki wagtda türkmen ýygyndysynyň tälimçiler topary, milli çempionatda geçirilen ähli oýunlary synlap, toparyň düzümine dalaşgärleri saýlamak bilen meşgullanýar. Soňky oýunlar tamamlanandan soň arakesmäniň öňüsyrasynda milli ýygyndymyzyň giňeldilen düzümi yglan ediler. 1-nji iýundan başlap, topar Taýlandyň ýygyndysyna garşy oýna taýýarlyk görmek üçin Aşgabatda türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer.
Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler Taýlandyň milli ýygyndysynyň oýunlarynyň wideoýazgylaryny seljermek bilen, garşydaş toparyň oýun taktikasyny öwrenýärler.
«Taýlandyň milli topary - gaty guramaçylykly topar» - diýip, Meredow bellemek bilen, ol Taýlandyň ýygyndysynyň Şri-Lanka bilen saýlama oýnuny öwrenendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Taýlandyň toparyny ýapon hünärmeni türgenleşdirýär we ol oýunçylara özboluşly kombinasiýaly futboly oýnamagy öwredipdir. Dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşyna geçmedik we Aziýa kubogy ugrunda göreşýän ýygyndylaryň arasynda Taýlandyň milli topary iň güýçli ýygyndylaryň biridir, bu onuň bije çekişlikde birinji sebede ýerleşdirilendigi hem tassyklaýar.
Tälimçi şeýle hem Şri-Lankanyň milli ýygyndysynyň güýçlenendigine üns çekdi: «Eger öň ol hemişe ýeňilmeli topar hasaplanylan bolsa, indi onuň düzüminde naturalizlenen ýewropaly oýunçylar bar, olar bolsa futboly juda sowatly oýnaýarlar».
«2027-nji ýylyň Aziýa Kubogy ugrunda jemleýji tapgyra çykmakdaky göreşde hiç kimi pes hasaplamak bolmaz. Toparçada görnüp duran gowşak ýygyndy ýok. Her oýun final duşuşygy ýaly bolar» - diýip, Röwşen Meredow nygtady.
Türkmenistan bilen Taýlandyň ýygyndylarynyň duşuşygy 10-njy iýunda «Aşgabat» stadionynda geçiriler. 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşynyň ikinji tapgyrynyň oýny sagat 20:00-da başlanar.
2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljek final tapgyryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýygyndysy «D» toparçasynda birinji orny eýeläp, Taýlandyň, Hytaý Taýpeýiniň we Şri-Lankanyň ýygyndylaryndan öňe geçmelidir.
Ýaňy-ýakynda Röwşen Meredow milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesinde işlän Mergen Orazowyň ornuny eýeledi. Orazowyň ýolbaşçylygynda türkmen ýygyndysy Hytaý Taýpeýiniň toparyny myhmançylykda 2:1 hasaby bilen ýeňip, 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň birinji oýnunda üstünlik gazandy.