Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda himiýa kärhanasyndaky partlamada bäş adam pida boldy, 19 adam ýaralandy

08:5328.05.2025
0
7155
Hytaýda himiýa kärhanasyndaky partlamada bäş adam pida boldy, 19 adam ýaralandy
Surat: Gazeta.uz

Bäş adam Hytaýda himiýa zawodyndaky partlamanyň pidasy boldy, alty adam dereksiz ýitdi hem-de 19 adam ýaralandy. Bu barada CCTV döwlet telekompaniýasyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

Partlama sişenbe güni boldy, asmana göterilen tüsse birnäçe kilometrden hem göründi.

Himiýa kärhanasy Weýnan şäherindäki senagat zolagynda ýerleşýär. Ol dökün we lukmançylykda ulanylýan himiýa önümlerini öndürýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň