Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da köçe kepderileriniň hormatyna festiwal geçer

18:1227.05.2025
0
13377
ABŞ-da köçe kepderileriniň hormatyna festiwal geçer
Surat: Gazeta.ru

ABŞ-da köçe kepderileriniň hormatyna festiwal geçer diýip, UPI neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.

Ýagny Manhetteniň «Haý-Laýn» seýilgähinde şäher kepderileriniň hormatyna ilkinji gezek festiwal guralar. Guramaçylar özüne sungaty, ylymy we köçe şowhunlaryny birleşdirýän baý medeni maksatnamany wada berýärler. Olaryň hatarynda çeperçilik sergileri, ylmy tanyşdyrylyşlar, tans ussatlyk sapaklary we tutuşlygyna kepderilere bagyşlanan sahna çykyşy bar.

Bu seýilgähde kolumbiýaly heýkeltaraş Iwan Argote tarapyndan döredilen kepderiniň äpet alýumin heýkeli ýerleşýär, ol belli bir derejede ilkinji gezek şeýle festiwaly guramaga ruhlandyrdy. «Biz adamlar bilen guşlaryň we şäher gurşawynyň arasyndaky gatnaşygy öwrenmek isleýäris» diýip, ady tutulan seýilgähiň ýerine ýetiriji direktory Alan wan Kapelle gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň