Russiýanyň paýtagtynda şäheri oňat bilmeýändikleri üçin ýörite synagy tabşyrmadyk taksi sürüjilerine 5 müň rubl möçberde jerime salnar. Bu barada Moskwanyň häkimligi habar berdi diýip, «Ura.news» ýazýar.
«Ulag infrastrukturasyny, lukmançylyk edaralaryny, mekdepleri, sport binalaryny we şäheriň beýleki möhüm nokatlaryny bilmeýän, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlarda hereketiň we ýolagçy gatnatmagyň düzgünlerini bilmeýän sürüjilere 5 müň rubl möçberde administratiw jerime salnar. Bu Moskwanyň çäginde ýeňil taksi ulaglaryny dolandyrýan ähli sürüjilere degişlidir» diýlip, rus paýtagtynyň meriýasynyň portalynda aýdylýar.
Kanun şeýle hem taksiçilerden medeni mirasyň obýektlerini we olara barylýan ugurlary bilmegi talap edýär.