Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi bilen Sukuba uniwersitetiniň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi

16:1227.05.2025
0
18257
Türkmenistanyň ilçisi bilen Sukuba uniwersitetiniň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

Şu gün Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti Kýosuke Nagatanyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subainiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni-bilim we söwda-ykdysady ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň başynda ilçi 2025-nji ýylyň 13 — 15-nji aprelinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Sukuba uniwersitetiniň «hormatly doktory» diýen ýokary derejäniň berlendigi üçin ýapon tarapyna hoşallygyny bildirdi.

Taraplar 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde göni wideoaragatnaşyk arkaly gol çekilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy barlag işi babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň