Hytaý tarapy, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylym-bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge taýýar. Bu barada Mejlisiň başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary wagtynda bellenildi diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, iş sapary 21-nji maýda başlandy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letzi bilen giňişleýin düzümdäki duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandyklary we ýokary derejedäki ýola goýlan dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtalyp geçildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjek Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenilip geçildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letziniň 2025-nji- Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurtda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmagyna umyt bildirýändigini belläp geçdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň orunbasary Han Çžen bilen duşuşygy boldy.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly ornuň degişlidigi bellenildi.