Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda ýaş suratkeşleriň sergisi açyldy

10:4123.05.2025
0
7564

Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Aşgabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň eserleriniň sergisi açyldy.

Bu ýerde 200 surat eserleri we 100-e golaý keramika we şaý-sep işleri, şeýle hem dürli el işleri görkezilýär.

- Mekdepde 230 çaga okaýar – diýip, surat çekmek boýunça mugallyma Muhabat Hudaýgulyýewa gürrüň berýär. - Çagalar surat çekmek islegi bilen gelýärler, olaryň ukyp-başarnyklary bolsa mekdebimizde kämilleşýär. Okuwçylaryň üstünliklerinde mugallymlar olara öz siňdiren yhlaslaryny görýärler. Muhammetnur Ýaranow — biziň mekdebimiziň buýsanjydyr, ol Gyrgyzystanda ýaş suratkeşleriň sergisinde 3-nji ýeri eýeledi, Moskwada bolsa Hormat hatyna mynasyp boldy. Muhammetnur suratkeşlik bilen çynlakaý meşgullanýar, boş wagty bolsa dürli el işleri döretmek bilen gyzyklanýar.

Sergide şeýle hem ýaşajyk zergärler tarapyndan milli usulda ýasalan aýal-gyzlaryň bezeg şaý-sepleri görkezilýär.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, ýakyn wagtda bu ýerde Bäşim Nuraly adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň eserleriniň sergisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň