Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aziz Sanjar halkara Alyşir Nowaýy baýragyna mynasyp boldy

09:0823.05.2025
0
4386
Aziz Sanjar halkara Alyşir Nowaýy baýragyna mynasyp boldy
Surat: Vesti.az

Wengriýada Türki döwletleriň guramasynyň resmi däl sammitiniň çäklerinde Alyşir Nowaýy adyndaky halkara baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Ýagny Nobel baýragynyň eýesi Aziz Sanjar «Türki dünýäniň birligine goşan goşandy üçin» sylaglandy, türk alymyna sylagy Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow gowşurdy diýip, «MIR 24» habar berdi.

Gyrgyz lideri Aziz Sanjaryň ylym bilen medeniýetiň arasynda baglanyşdyryjy köken bolandygyny nygtady. Sanjar 400-den gowrak ylmy makalanyň we 33 kitabyň awtorydyr. 2015-nji ýylda ol DNK ulgamyny dikeltmek ulgamyndaky ylmy barlaglary üçin himiýa ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy.

Alyşir Nowaýy adyndaky halkara baýragyny ilkinji gezek 2022-nji ýylda gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowa (aradan çykandan soňra) gowşurdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň