Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türk aşhanasynyň hepdeliginiň çäklerinde resmi agşamlyk nahary berildi

12:0122.05.2025
0
6252

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisiniň rezidensiýasynda 21-nji maýda Türk aşhanasynyň hepdeligine bagyşlanan resmi agşamlyk nahary berildi. Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow we Türkiýeden gelen ýokary derejeli myhmanlardan ybarat bolan wekiliýet gatnaşdy.

Şeýle hem hormatly myhmanlaryň hatarynda çärä Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy, professor, doktor Erol Özwar öz wekiliýeti bilen, şeýle hem Murat Birol Kaýymyň ýolbaşçylygyndaky Türkiýäniň Oba we tokaý hojalygy ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdylar.

Türkiýäniň ilçisi Ahmet Demirok öz çykyşynda Türk aşhanasynyň hepdeliginiň geçirilmeginiň esasy maksadynyň Türkiýäniň baý aşhana medeniýetini dünýäniň giň köpçüligine tanyşdyrmakdygyny aýdyp geçdi. Bu hepdeligiň çäklerinde ýörite çäreler Türkiýäniň jogapkär bolan edaralarydyr guramalary tarapyndan, şeýle hem Türkiýäniň daşary ýurtlarda işleýän diplomatik wekilhanalary tarapyndan geçirilýär.

Diplomat bu taslamanyň Türkiýe Respublikasynyň prezidentiniň aýaly Emine Ärdoganyň ýakyndan ýardam bermeginde amala aşyrylandygyny nygtap, onuň türk aşhanasynyň baýlygyny bütin dünýäde öňe sürmek üçin bu başlangyja badalga berendigini belledi. Onuň hemaýat etmeginde «Türk aşhanasynyň wagtdan daşary taýýarlanyş usullary» atly gastronomik kitap çap edildi, onda meşhur türk aşhanasy we onuň galyndysyz, ekologiki we durnukly aýratynlyklary doly beýan edilýär.

Ilçi türk aşhanasynyň özboluşly aýratynlyklaryny, şol sanda nahary taýýarlamagyň we saklamagyň sagdyn usullaryny, şeýle hem asyrlardan asyrlara aşyp gelýän adaty tagamlaryň taýýarlanyş usullaryny belläp geçdi. «Meýdandan saçaga» çenli gök-önümleriň we miweleriň dürli görnüşlerine esaslanýan türk naharlary köp sanly wegetarian we wegan tagamlarynyň her hili görnüşlerini hödürleýär.

«Bar bolan iýmit galyndylaryny sirke we duzly iýmitlere öwürmek, mysal üçin, bioköpdürlüligi gorap saklaýan we ekologiýa taýdan durnukly aşhana däplerini açyp görkezýär» - diýip diplomat belläp geçdi.

Dabaraly agşamlyk naharda myhmanlara türk aşhanasynyň nusgawy tagamlarynyň ajaýyp saýlama görnüşleri hödürlendi. Olaryň hatarynda toý çorbasy, pastrama bilen ak noýbaly ragu-buglamasy, tüwi palawy, jajyk, pahlawa we tulumba ýaly tagamlar äberildi - bular Anatoliýanyň baýlygyny alamatlandyrýan we sagdyn, durnukly Ortaýer deňziniň berhizli naharlaryny kesgitleýän tagamlardyr.

Ilçi myhmanlara 2025-nji ýylyň Türk Respublikasynyň prezidenti tarapyndan jemgyýetiň esasy jebisligine ünsi çekmek we maşgala gönükdirilen jemgyýetçilik syýasatyny işläp düzmek maksady bilen «Maşgala ýyly» diýip yglan edilendigini habar berdi.

Çykyşyny jemlemek bilen, ilçi «Myhman ataňdan uly» diýen türkmenleriň meşhur atalar sözüni mysal getirdi we bu iki ýurduň medeniýetinde myhmansöýerligiň wajyp ähmiýetini belläp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň