Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý geljek bäş ýylda BSGG-ä goşmaça 500 million dollar bölüp bermekçi

09:3322.05.2025
0
4953
Hytaý geljek bäş ýylda BSGG-ä goşmaça 500 million dollar bölüp bermekçi
Surat: Caliber.az

Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümeti öňdäki bäş ýylyň dowamynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna 500 million amerikan dollary möçberde maliýe kömegini bermekçi. Bu barada ýurduň BMG-däki hemişelik wekilhanasy habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Wekilhanada Pekiniň guramany ählumumy saglygy goraýşy dolandyrmak babatda öňdebaryjy we utgaşdyryjy hyzmaty bitirmekde goldaýandygyny nygtadylar. Taraplar maliýe kömegi maksatlaýyn peýdalanmaklygy ara alyp maslahatlaşarlar.

Öň BSGG-niň agza ýurtlary iň iri donorlaryň biri bolan ABŞ-nyň guramanyň düzüminden çykmagy bilen baglylykda, 2026-2027-nji ýyllar üçin 4,2 milliard dollar möçberde gysgaldylan býujeti kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň