Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

20-nji maýdan başlap Aşgabat - Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy işe girizilýär

17:1021.05.2025
0
23221

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 20-nji maýdan başlap Aşgabat (Halkara awtomenzil) - Türkmenbaşy - Aşgabat (Halkara awtomenzil) ugry boýunça gündelik goşmaça awtobus gatnawlaryny işe girizýär.

Awtobus Aşgabadyň A. Nyýazow şaýoly, 422 salgysynda ýerleşýän halkara awtomenzilinden sagat 10:30-da, Türkmenbaşydan bolsa sagat 10:00-da ugraýar. Ýatlatsak, ozal bu ugur boýunça diňe bir awtobus gatnawy hereket edýärdi.

Ýolagçylar biletleri awtomenzilleriň kassalaryndan satyn alyp bilerler. Bir tarapa gitmek üçin ýol nyrhynyň bahasy 65 manat.

Goşmaça maglumatlary kärhananyň www.auh.com.tm resmi saýtyndan, «Şäherara bilet» ykjam goşundysyndan ýa-da şu telefon belgilerine jaň edip, alyp bilersiňiz: +993 61 49 34 95, 44 35 30, 44 35 20.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň