Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

21-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:0421.05.2025
0
17295

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň başlygy bilen duşuşdy, Türkmenistanyň wekiliýeti şähergurluşyk ulgamy boýunça tejribe alyşmak üçin Er-Riýada sapar bilen barar, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Eýranyň Prezidenti bilen duşuşygynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Muhammed Jaludy kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem ýurtda agyr atletikany mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri barada pikir alyşdylar.

https://turkmenportal.com/blog/91251/prezident-turkmenistana-vstretilsya-s-glavoi-mezhdunarodnoi-federacii-tyazheloi-atletiki

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygyna gulluk iş saparynda bolar. Sapar 21 – 23-nji maý aralygynda meýilleşdirilip, säher gurluşygy ugrunda tejribe alyşmak maksady bilen amala aşyrylar.

https://turkmenportal.com/blog/91252/delegaciya-turkmenistana-posetit-erriyad-dlya-obmena-opytom-v-gradostroitelnoi-sfere

3. Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere hem-de galla oragy möwsümine görülýän taýýarlyk işlerine garaldy.

https://turkmenportal.com/blog/91250/v-turkmenistane-gotovyatsya-k-uborke-zernovyh-i-zaversheniyu-posadki-risa

4. Türkmen wekiliýetiniň Eýrana iş saparynyň çäklerinde Tähranda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şeýle-de esasy ugurlarda gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

https://turkmenportal.com/blog/91257/rashid-meredov-obsudil-rasshirenie-partnerstva-na-vstreche-s-prezidentom-irana

5. Malaýziýada we Gruziýada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi. Türkmenistanyň döwlet nyşany Kuala-Lumpurdaky Garaşsyzlyk meýdançasynda peýda boldy. Milli baýramçylygyň hormatyna Malaýziýanyň paýtagtynyň merkezi meýdançasynda Türkmen baýdagynyň şekili we 2025-nji ýylyň nyşany ýerleşdirildi.

https://turkmenportal.com/blog/91243/flag-turkmenistana-poyavilsya-na-centralnoi-ploshchadi-kualalumpura

6. Gruziýada hem bu baýram bellenildi – 18-nji maýda Tbilisiniň teleýaýlym diňi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen yşyklandyryldy.

https://turkmenportal.com/blog/91234/v-gruzii-akciei-podderzhali-den-konstitucii-i-gosudarstvennogo-flaga-turkmenistana

7. Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky Bölümindäki hemişelik wekili, ilçi Wepa Hajyýew Rim-katolik ybadathanasynyň täze baştutany Papa Leo XIV-niň diplomatik korpus bilen ilkinji resmi kabul edişligine gatnaşdy. Türkmen diplomaty Papa Leo XIV-e Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan mähirli gutlaglary we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

https://turkmenportal.com/blog/91222/posol-turkmenistana-prinyal-uchastie-v-pervoi-audiencii-novogo-papy-rimskogo-s-dipkorpusom

Dünýäde

1. Ispaniýanyň demirgazygyndaky «Pikos de Europa» milli seýilgähine gelen adam uly möçberde jerimä sebäp bolup biljek howply hereket etdi. Goraghana zolgynda dynç alýan adam kellesinden hem has uly uly daşy alyp, çuň jülgä taşlady, onuň dosty bolsa bu wakany surata düşürdi. Polisiýa bu wakany derňemäge başlady. Şeýle jenaýat üçin kanun 200 müň ýewro çenli jerime göz öňünde tutýar.

https://turkmenportal.com/blog/91267/turist-riskuet-zaplatit-200-tysyach-za-sbroshennyi-v-propast-kamen-v-ispanskom-zapovednike

2. Şwesiýa sütük önümçiligini tutuşlygyna togtadýar, ýurtdaky galan 27 sany sütük fermasynyň hemmesi hökümetiň goldawy bilen işini ýapmaga razy boldy.

https://turkmenportal.com/blog/91233/shveciya-polnostyu-prekrashchaet-proizvodstvo-naturalnogo-meha

Sport täzelikleri

1. «Arkadag» toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň Kubogynyň çärýek finalynyň ilkinji oýnunda Balkanabadyň «Nebitçi» toparyndan uly hasap bilen üstün çykdylar. Arkadag şäherinde geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 6:0 hasabynda tamamlandy. «Şagadam» bilen «Merwiň» arasyndaky oýun gününiň beýleki duşuşygy golsuz deňme-deň tamamlandy. 21-nji maýda Türkmenistanyň Kubogynyň çärýek finalynyň çäklerinde ýene iki oýun bolar: «Altyn Asyr» «Aşgabat» bilen, «Ahal» «Köpetdag» bilen duşuşar, iki oýun hem 17:45-de başlar. Türkmenistanyň Kubogynyň häzirki eýesi soňky oýunda «Ahaly» ýeňen «Arkadag» toparydyr.

https://turkmenportal.com/blog/91263/arkadag-obygral-nebitchi-v-pervom-matche-14-finala-kubka-turkmenistana

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň