«Soltan» restoranynda islendik dabara üçin tort sargyt edip bilersiňiz. «Berkarar» SDAM-yň üçünji gatynda ýerleşýän restoran islendik baýramçylygyň bezegine öwrüljek ajaýyp süýjülikleri döretmäge taýýardyr.
Restoranyň wekiliniň belleýşi ýaly, «Soltanyň» tejribeli konditerler topary dürli tagamly tortlary hödürleýär. Müşderiler nusgawy görnüşleri, şeýle hem aýratyn islegleri boýunça döredilen miweli, şokoladly, çagalar üçin ýa-da tematiki tortlary sargyt edip bilerler.
«Ajaýyp baýramçylygyň syry – söýgi we inçelik bilen döredilen özboluşly süýjülikdedir» diýip, «Soltanda» belleýärler. Restoranyň konditerleri müşderileriň ähli isleglerini göz öňünde tutmagy we dabaranyň hakyky bezegine öwrüljek torty taýýarlamagy wada berýärler.
Tortlary şu telefonlar arkaly sargyt edip bilersiňiz: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81.
Restoranyň salgysy: «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, № K 1.
Şeýle-de okaň: