Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Belawia» gatnawlaryny wagtlaýynça Türkmenbaşydan Balkanabat howa menziline geçirýär

09:2521.05.2025
0
13697

2025-nji ýylyň 20-nji maýyndan 25-nji iýuly aralygynda «Belawia» awiakompaniýasy uçuşlaryny Balkanabat şäherinde ýerleşýän halkara howa menzilinden amala aşyrar. Şunuň bilen baglylykda, Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça uçuşlar wagtlaýyn togtadylyp, ol täze howa menzilinden ýerine ýetiriler.

Görkezilen uçuşlara eýýäm awiapetek alan ýolagçylara uçuş resminamalaryny gaýtadan düzetmek zerurlygy ýokdur. Çünki «Belawia» awiakompaniýasy eýýäm ähli ýolagçylara SMS habarnamalary we elektron poçta arkaly uçuşyň howa menziliniň üýtgedilendigi barada öňünden habar berdi.

«Belawiýanyň» hepdede iki gezek yzygiderli howa gatnawlaryny amala aşyrýandygyny ýatladýarys.

20-nji maý — 23-nji iýul aralygy

745-nji gatnaw Minsk — Balkanabat

Sişenbe uçuş 23:50 — gonuş 06:05

746-njy gatnaw Balkanabat — Minsk

Çarşenbe uçuş 06:55 — gonuş 09:15

25-nji maý — 1-nji iýun aralygy - ýekşenbe

745-nji gatnaw Minsk — Balkanabat

uçuş 04:00 — gonuş 10:15

746-njy gatnaw Balkanabad — Minsk

uçuş 11:05 — gonuş 13:15

7-nji iýun — 23 iýul aralygy - ýekşenbe

745-nji gatnaw Minsk — Balkanabat

uçuş 00:05 — gonuş 06:20

746-njy gatnaw Balkanabat — Minsk

uçuş 07:15 — gonuş 09:30

Belarus awiagatnadyjysynyň uçuşlaryna awiapetekleri diňe bir Aşgabatdan däl, eýsem, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýurduň sebitlerinde ýerleşýän bölümlerinden hem satyn alyp bolýar.

Has giňişleýin maglumatlar bilen tanyşmak we awiapetek satyn almak üçin şu aşakdaky satuw ofislerine ýüz tutup bilersiňiz:

- Aşgabat ş., Garaşsyzlyk köçesi, 76-njy jaý («Olimp» jaýy, 1-nji gat), telefon belgileri: 21 04 36; 921981.

- «Türkmenhowaýollary» agentliginiň esasy gullugy, Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, 211-nji jaý; gije-gündiz işleýär, telefon belgisi: 391717.

- «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy halkara howa menzili, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy şäheri, Awaza etraby, Awia şäherjigi, telefon belgileri: +993 243 30025; +993 243 30010.

- Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş., Bahry-Hazar köçesi, «Çarlak» myhmanhanasy, 1-nji gat.

- «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy halkara howa menzili, Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Awtomenzil, 1-nji gat, telefon belgisi: +993 222 70960.

- «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Daşoguz halkara howa menzili, Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Magtymguly şaýoly, 12-nji jaý, telefon belgisi: +993 332 91221.

- «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Mary halkara howa menzili, Mary welaýaty, Mary şäheri, Magtymguly şaýoly, 11-nji jaý, telefon belgisi: +993 522 52777.

- «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat halkara howa menzili, Bagtyýarlyk köçesiniň ugry, telefon belgisi: +993422 94600.

- Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Magtymguly Pyragy şaýoly, 115A binasy, Awtomenzil.

- «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Kerki halkara howa menzili, Kerki şäheri, Lebap welaýaty, telefon belgisi: +993 444 25999.

Ýolagçylar «Belawia» awiakompaniýasynyň uçuşlary bilen baglanyşykly ähli sowallar üçin şu aşakdaky telefon belgilere jaň edip bilerler:

  • 92 19 81, 21 04 36, (+993 65) 641661;
  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk köçesi, 76-njy jaý;
  • elektron poçta salgysy: nabаt.аtаyеva@tрstravеl.со.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň