Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

22:4820.05.2025
0
14846
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Muhammed Jaludy kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistan sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurtda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Sporty ösdürmek we halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda döwlet derejesinde tagallalar edilýär.

Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen federasiýalar we beýleki abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary saklaýar. Bu bolsa ýurtda sport diplomatiýasynyň giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär.

Türkmenistan Halkara agyr atletika federasiýasynyň işjeň agzasy bolup durýar. 2018-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty munuň aýdyň mysalydyr. Bu oýunlar türkmen topragynda sportuň ösüşine has-da itergi berip, Aziýa yklymynda sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrdy.

Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda döredilen döwrebap sport infrastrukturanyň dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini belledi we sporty ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi üçin hormatly Prezidente hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutany şu günki duşuşygyň sport hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak we Halkara agyr atletika federasiýasynyň ösüşine goşant goşmak babatda möhüm ädimdigini, Federasiýanyň alyp barýan işiniň bütin dünýäde sporty ösdürmäge we Olimpiýa gymmatlyklaryny dabaralandyrmaga uly itergi berýändigini belläp, myhmanyň şu gezekki saparynyň sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge we täze başlangyçlary öňe sürmäge itergi berjekdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň