Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi

10:0821.05.2025
0
13732
Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi
Surat: IRNA

20-nji maýda türkmen wekiliýetiniň Eýrana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian tarapyndan kabul edildi.

Duşuşygyň başynda ministr R.Meredow dostlukly ýurduň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika, maýa goýum, medeni we ekologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eýranyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň, şol sanda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň iki dostlukly halkyň bähbitlerine laýyk gelýändigini, olaryň abadançylygynyň, durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine hyzmat edýändigini nygtady.

Taraplar ulag-üstaşyr ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn bellediler, şeýle-de halkara we sebit başlangyçlarynyň çäginde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň dekabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen geçiriljek halkara forumyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň halklarynyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge özara taýýardyklaryny tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň