Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Eýran bilen serhediň aýratyn böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip edýär

18:3420.05.2025
0
16795
Türkmenistan Eýran bilen serhediň aýratyn böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip edýär
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistan Eýran bilen serhediň aýratyn böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmegi teklip edýär. Şeýle teklip 19-20-nji maýda Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisinde öňe sürüldi. Mejlise iki ýurduň birnäçe döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda türkmen tarapyna daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de eýran tarapyna bolsa ýol we şäher gurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerd ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer meseleleriniň giň toplumy, şol sanda hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly bolan ugurlaryny kesgitlemek girizildi.

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekdäki möhüm ornuny bellediler.

Türkmenistanyň we EYR-nyň wekilleri söwda-ykdysady, ulag we logistika, gaz, senagat, oba we suw hojalygy, maýa goýumlary we standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini giňişleýin gözden geçirdiler, şeýle hem hökümetara toparyň öňki mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişini seljerdiler.

Söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek barada aýtmak bilen, türkmen tarapy türkmen-eýran serhediniň aýratyn böleklerinde söwda-ykdysady zolaklary döretmek teklibini öňe sürdi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ylym we bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, duşuşyga gatnaşyjylar şu gezekki mejlisiň barşynda gazanylan täze ylalaşyklaryň iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbidine konstruktiw dialogyň has-da pugtalanmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiniň jemleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 18-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Mohsen Paknejadyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň