Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumy ileri tutulýan ugurlara gönükdirilendir

14:2820.05.2025
0
15402

Mälim bolşy ýaly, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, sebitleriň ösdürilmegi we senagatlaşdyrylmagy, senagat, ulag düzümleriniň giňeldilmegi boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary Türkmenistanyň gurluşyk-senagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegi ugur edinýär.

Indi ençeme ýyllardan bäri ýurtda hereket edýän önümçilikleri abatlamak we döwrebaplaşdyrmak, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň innowasion enjamlary ornaşdyrylan iri senagat kärhanalaryny, importyň ornuny tutýan eksport ugurly önümleri öndürýän ýöriteleşdirilen zawodlary gurmak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşinde eýeleýän ornuny ýylyň-ýylyna berkidýär. Birleşmäniň agzalaryna toplan oňyn tejribesi göz öňünde tutulyp, köp sanly möhüm taslamalaryň gurluşyklary ynanylýar.

Türkmenistanyň ähli ýerlerinde medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, söwda-dynç alyş merkezleriniň gurluşyklary batly depginde alnyp barylýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu şanly ýylda hem möhüm binagärlik açylyşlary bolar. Bu barada TDH habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň