Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» gatnaw ugurlaryna Sewilýa şäherini goşup, Ispaniýa uçuşlaryny artdyrýar

10:3220.05.2025
0
15508

«Turkish Airlines» türk awiakompaniýasy Günorta Ýewropa gatnaw ugurlaryny giňeldýändigini habar berýär. 17-nji sentýabrdan başlap, awiakompaniýa her günde Stambuldan Sewilýa uçuşlary amala aşyryp başlar. Munuň özi gatnadyjynyň Madridden, Barselonadan, Walensiýadan, Malagadan hem-de Bilbaodan soň, Ispaniýa ýola goýan altynjy gatnaw ugry bolar.

Baý taryhy mirasy bilen giňden meşhur bolan Sewilýa Andalusiýanyň görnükli şäherleriniň biri we Ispaniýanyň gadymy ýerleriniň esasylarynyň hataryndadyr. Şäher gadymy eýýämyň hem-de Omeýýatlaryň höküm süren döwrüniň köp sanly taryhy yzlaryny özünde jemleýär. Sewilýanyň medeni köpdürlüligi taryhy ybadathanalarynda, baglarynda we özboluşly sungat eseleriniň kolleksiýalarynda beýanyny tapýar. Bulardan başga-da, şäher Ispaniýanyň ajaýyp gastronomiki däplerine eýe bolan möhüm ýerleriniň biri bolmak bilen, däp bolan andaluz aşhanasyna eýedir.

Stambul we Sewilýa halkara howa menzilleriniň arasynda gündelik uçuşlary ýola goýmak bilen, Türkiýäniň öňdebaryjy awiagatnadyjysy bu sebitdäki ornuny berkitmäge hem-de ýolagçylara syýahat etmek üçin köp sanly mümkinçilikleri hödürlemäge çalyşýar.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
  • web saýty: turkishairlines.com;
  • e-mail: askabatbiletsatis@thy.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň