Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Onuň Ruhany Hezretleri Papa Leo XIV-e Rim Papasy hökmünde işe girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany gutlag hatynda Papa Leo XIV-e bu wezipede adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny, agzybirligi we parahatçylygy berkitmekde ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Papa Leo XIV-e jogapkärli wezipede berk jan saglyk we üstünlikleri arzuw etdi.