15-nji maýda Hyrat şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsullygynyň binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) Hyrat şäherindäki wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Tomoko Kutoba we Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly Batyr Ýolowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň arasynda dowam edýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi we ony has-da ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatlaşmalaryň barşynda Türkmenistan Hökümetiniň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, elektrik geçiriji we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny ilerletmek boýunça edýän tagallalary aýratyn bellenildi. Şeýle hem, iki ýurduň arasynda demirýol gatnawlaryny ýygjamlaşdyrmak meselelerine hem üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda iki tarap hem özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga we hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga bolan ygrarlylygyny tassykladylar.