2025-nji ýylyň dört aýynyň jemi boýunça Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda 14 müň 503 tonna un öndürildi. Netijede 48 million 445 müň manatlyk iş edildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, önümçiligiň ösüş depgini 123,9 göterime deň boldy. Degişli döwürde öndürilen unuň 4 müň 809 tonnasy ýokary, 9 müň 694 tonnasy hem birinji hilli unlardyr.
Ýylyň başyndan bäri bu ýerde bugdaý ýarmasynyň 38 tonnasy, kepegiň 4 müň 411 tonnasy öndürildi diýlip, habarda bellenilýär.